Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli demokratik däplerine esaslanyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ykdysadyýetimizi has-da ýokary götermäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, il-ýurt bähbitli alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. aşl sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyna laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň sebitleriniň sanly ykdysadyýete geçmegi göz öňünde tutulýar. aunuň bilen baglylykda, Gahryman Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgamyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda esasy düşünjeler hem-de elektron resminamany işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek bilen bagly esasy talaplar hem-de onuň gurluşy, rekwizitleri, nusgalarynyň hukuk derejesi, goragy, saklanmagy baradaky kadalar kesgitlenilýär, elektron resminama dolanyşygy we onuň subýektleri bilen bagly düşünjeler öz beýanyny tapýar. şeýle hem kanunda elektron sanly gol, ony bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işi, hukuk derejesi, wezipeleri, jogapkärçiligi, borçnamalary, işiniň bes edilmegi hem-de elektron sanly goluň eýesine berilýän sertifikat barada kadalar, sanly hyzmatlar, onuň maksatlary, esasy ugurlary hem-de elektron görnüşindäki tölegler we elektron söwda hakyndaky düzgünler kesgitlenilýär.
Kanunyň kabul edilmegi bilen, döwlet we döwlete dahylsyz maglumat ulgamlarynda, elektron resminama dolanyşygynda, sanly hyzmatlarda we elektron söwdada ýüze çykýan gatnaşyklar kadalaşdyrylýar hem-de ýurdumyzyň sanly ulgamynyň kanunçylyk binýady emele getirilýär. Ykdysadyýetde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmegine, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam edýär. Bu bolsa edilýän hyzmatlary tizleşdirmek, wagty we maddy serişdeleri tygşytlamak ýaly ýeňillikleri döredýär hem-de ýurdumyzy ykdysadyýetde sanly ulgamy ulanmakda öňdebaryjy döwletleriň hataryna çykarýar.
TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň hasabatçysy - J.Rejepowa