Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GYMMATLYKLARY GORAMAGYŇ ESASLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Taryhyny Oguzhan atamyzdan alyp gaýdýan, bäş müň ýyllara uzap gidýän türkmen taryhy diňe-bir halkymyzyň däl, eýsem tutuş türki dünýäsiniň özboluşly bezegi we buýsanjy bolup hyzmat edýär. Biziň döwürlerimize çenli özüniň gadyr-gymmatyny saklap gelýän, müňýyllyklardan gürrüň açýan taryhymyzy mundan beýläk-de gorap saklap, nesilden nesle geçirmek bolsa ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

Türkmen topragy milletiň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek, rejelemek we dikeltmek, olary halkara syýahatçylyk ulgamyna goşmak boýunça wezipeleri amala aşyrmak üçin «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak» hakyndaky kanunynyň we beýleki kadalaşdyrjy hukuk namalarynyň ähmiýetiniň uludygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin niýetlenendir.

Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. «Nusaý», «Köneürgenç», «Gadymy Merw», «Amul», «Gadymy Dehistan», «Kerki», «Abiwerd», «Köne Sarahs» we «Gökdepe galasy» döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda milli medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işleri alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Halkara ylmy jemgyýetçiligiň Diýarymyzyň taryhy-medeni mirasynyň obýektlerine gyzyklanmasy barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde gol çeken «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bu ugurdaky anyk işleriň biridir. Kabul edilen Maksatnamanyň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almak we pasportlaşdyrmak, olary Döwlet reýestrine girizmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Bu Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, hususan-da, häzirki wagtda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan täsin käriz ýaşaýjylaryň ünsüni özüne çekdi. Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem bu mesele giňden beýan edilýär. Bu ajaýyp eserden ruhlanyp, türkmen hünärmenleridir alymlary degişli işlere girişdiler.

Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň alymlaryny, hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň gadymyýeti», «Köneürgenjiň arhitektura mirasy», «Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri», «Nusaýyň Parfiýa galalary» atly kitaplar, «Asyrlaryň yzlary» atly ýöriteleşdirilen ylmy neşirler çap edildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde neşir edildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda 1505-den gowrak taryhy we medeni desga döwlet tarapyndan hasaba alyndy. Şolaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

Biziň ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaklyga milli mirasymyzy wagyz etmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleri tarapyndan welaýatyň edara-kärhanalarynda, ýaş nesliň we hususyýetçilerimiziň arasynda Türkmen taryhynyň, milliliginiň aýratyn ähmiýetini düşündirmek, ýaşlarda zähmetsöýerlik, watançylyk ruhyny terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlaryny, mundan beýläk-de yzygiderli geçireris.

Abadan durmuşda erkin ýaşaýan halkymyza, ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýtýarys.

 Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, ýurdumyzy ösdürmekde tutýan tutumly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Agahan GURDOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň başlygy.