Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Sagdyn durmuş – gülläp ösüş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sporty, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini mundan beýläk-de depginli ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ajaýyp sport binalarynyň hatarynyň yzygiderli artmagy eziz Diýarymyzda adam hakynda edilýän aladanyň birjikde ünsden düşürilmeýändigine şaýatlyk edýär. Bu aladalar beden taýdan sagdyn, ruhubelent, kämil nesli kemala getirmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmegiň beýik nusgasyna öwrülýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak öz ömrüňi uzaltmakdyr. Ol, ilkinji nobatda, ynsanda akyl we fiziki işjeňligi ösdürmäge, güýç-kuwwatyňy artdyrmaga, beden hereketlerini gowulandyrmaga, ylhamyňy joşdurmaga, iň esasy-da, kalby päklige atarýan güýçdür. Sport ynsanyň ruhuny ýokary götermek bilen bir hatarda, şähdaçyklyga we döredijilikli zähmete ýardam berýär.

Mähriban Diýarymyzyň gözel künjeklerini bezeýän uly sport toplumlary, merkezleri, stadionlar, aýlawlar, gözel paýtagtymyzdaky deňsiz-taýsyz Olimpiýa şäherçesi sport ýaryşlarynyň we baýramçylyklaryň geçirilýän ýerine öwrülip, kalbymyzy joşduryp, başymyzy göge ýetirýär. Şol ajaýyp sport binalarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralyp durulýar. Geçirilýän ýaryşlarda türgenlerimiz öz ussatlyklaryny görkezmäge hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny bütin dünýä ýaýmaga çalyşýarlar. 

«Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly işler uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylda eziz Diýarymyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmegiň girewidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän giň möçberli beýik işler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan—melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentli- giň ýurdy» atly kitaplary bagtyýar, sagdyn hem ruhubelent ýaşamagy ündeýär. Biz şeýle hakykatlar dogrusynda welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda «Arkadagyň göreldesi—sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen geçirýän wagyz-ündew çärelerimizde aýratyn nygtaýarys. Işjeň wagyz edilýän sagdyn- lyk ýörelgeleri ýaşlary beden we ruhy taýdan terbiýelemäge gönükdirilen dürli sport çäreleri bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar. Ol çärelerde eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza aýdylýan alkyş sözleri dilleriň senasyna öwrülýär.


 

T.Hajyýew