Bahar paslynyň golaýlamagy bilen ýetip gelýän, halkara zenanlar güni, 8-nji mart baýramçylygyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli taýýarlyk işleri görülýär. Zeminiň bezegi bolan mährem eneler, edep-ekrama nusgalyk gelin-gyzlar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda her-bir geçirilýän dabaralarymyzyň, wagyz-nesihat ýygnaklarymyzyň esasy gelşigidir. Ene mähirliligi we aladasy, sahawatlylygy hem-de tutanýerliligi üçin mukaddes ynsan hasaplanylýar, türkmen gelin-gyzlary ar-namysy baýdak edinýän gerçeklerimiziň göz guwanjyna deňelýär. Taryhyň sahypalaryna ser salsak, türkmen zenanynyň elmydama parasatlylykda, wepalylykda, edermenlikde tanalýandygyny megerem ählimiz bilýändiris. Türkmençilikde zenana sarpa goýmak, enä tagzym etmek däp-dessurlary asyrma-asyr geçip, biziň günlerimize ýetip gelýär. Mähriban Arkadagymyz, “Halkyň milli Lideri” Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym – Mukaddeslige tagzym” atly kitabynda “Türkmençilikde zenan durky bilen mertebe sütünini aňladýar, mert ýigitler bolsa, il-halkyň namysyny, mertebesini aýap, ony ömrüniň manysyna öwürýärler” ýa-da “Ene – beýikleri dünýä inderýän beýiklik” diýip belläp geçýär. Bu parasatly jümleleriň aňarsynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan uly many-mazmun bar.
Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda her ýyl däbe öwrülen, dünýä iň gymmatly zady – ýaşaýşy peşgeş berýän köp çagaly enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň dakylmagy, Arkadagly Serdarymyzyň kümüş saçly enelere, mährem zenanlara goýýan uly hormatyndan nyşan bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň diňe-bir maşgala ojagynyň goraýjylary bolman, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, hususy ulgamda, ylym, sungat, sport dünýäsinde hem öz mynasyp orunlaryny tapmagyna uly itergi berilýär.
Zenanlarymyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrmak bilen, häzirki döwürde täze durmuşyň gurluşygyna ägirt uly goşant goşýarlar. Bu ugurda döwlet we jemgyýet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Zenanlaryň Türkmenistanda möhüm döwlet, syýasy çözgütleriň kabul edilmegine, jogapkärli wezipeleriň çözülmegine işjeň gatnaşmagy durmuş taýdan adalatly hem-de deňhukukly jemgyýetiň sagdyn we durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň birine öwrüldi.
Ençeme müňýyllyklar mundan ozal bolşy ýaly, halkymyz häzirki döwürde hem maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini aýawly saklaýarlar. Şol gymmatlyklar bolsa her-bir nesilde belent ruhy hem ahlak başlangyçlaryny, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, enelere hem-de uly ýaşlylara sarpa goýmagy terbiýeleýär. Eneler ähli döwürlerde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Jemgyýetiň ahlak esaslaryny, onuň ruhy we ynsanperwerlik ýörelgelerini aýawly saklapdyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň zenanlary – bu ýokary hünärli, jogapkärli, talap ediji hem-de başarjaň ýolbaşçylar we alymlar, mugallymlar we lukmanlar, deputatlar we diplomatlardyr. Ýöne, şol bir wagtyň özünde olar, ilkinji nobatda, aladaçyl eneler, wepaly ýanýoldaşlar, mähirli uýalar we gyzlar, başarjaň öý bikeleri bolmagynda galýarlar.
Hormatly Arkadagly Serdarymyz zenanlarymyzyň ruhy, paýhas we ahlak kuwwatyna ýokary baha berip, olary durmuş özgertmelerine, jemgyýetde demokratik ýörelgeleri, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, medeni däp-dessurlary aýawly saklamaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, jemgyýetiň ruhy esaslaryny pugtalandyrmaga, onda watançylyk ýörelgelerini, umumadamzat gymmatlyklaryny berkarar etmäge, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegine, maşgalany we eneleri goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanda bu wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy we olar anyk işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda mundan beýläk hem zenanlarymyzyň zehinleriniň we ukyplarynyň doly durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegi babatda ähli tagallalar ediler. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş – durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Halkara Zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky topary kaşaň täze öýleriň açarlaryna eýe boldular.
Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary hem möhüm çäreleriň ençemesini guraýarlar. Bahar paslynyň ýakynlaşmagy bilen welaýatymyzyň ähli künjeklerinde mähriban zenanlarymyzyň şanyna gutlag sözleri we iň gowy arzuwlar aýdylýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli-dürli duşuşyklar hem-de beýleki çäreler guralýar. Asuda parahat ýurdumyzda Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda diňe baýramçylyk gününde däl, eýsem, her gün mähriban enelerimiziň, mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdylýar, söýgi we şatlyk arzuw edilýär. Goý, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun! Zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak bolsun!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Z.Narmamedowa