Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hemişe öň hatarda

Ýurdumyzyň işewürleri dürli pudaklarda zähmet çekip, ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Telekeçilik işiniň öňe gitmegine hut hormatly Prezidentimiziň özi goldaw berýär we telekeçileriň işlemekleri üçin oňaýly şertleri döredýär. Olara ýeňillikli karzlaryň berilmegi, amala aşyrylýan köp işleriň ýerine ýetirilmeginiň telekeçilere ynanylmagy munuň aýdyň mysallarynyň ujypsyz bölegidir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredileninden soň onuň welaýat komitetleri hem açyldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda ilkinji partiýa guramalarynyň 85-si bolup, olar özlerine partiýa agzalarynyň müňlerçesini birikdirýär. Partiýamyzyň agzalary hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alyp, jemgyýetdäki ornuny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk hem pugtalandyrmak babatda möhüm işleri, şonuň ýaly-da wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barýarlar. Amala aşyrylýan işleriň ählisi milli Liderimiziň hususy pudagy ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatyny wagyz etmek bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işine işjeň gatnaşýanlaryň sany barha artýar. «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň, «Dünýägözel», «Altyn bürgüt», «Demirgap», «Läle», «Ýedi gat» hususy kärhanalarynyň, «Atamyrat-Ali» daýhan hojalygynyň ilkinji partiýa guramalarynda hasapda durýan agzalar has-da ýokary işjeňlik görkezýärler.

Hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, telekeçiler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çärelere hem işjeň

gatnaşýarlar we şahsy göreldesini görkezýärler. Hususy kärhanalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda partiýa guramamyzyň meýilnamasynyň esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» diýen mowzukda yzygiderli geçirilýän duşuşyklara partiýa agzalarymyz işjeň gatnaşyp, öz pikirlerini, garaýyşlaryny beýan edýärler.

Watansöýüjiligi wagyz etmek, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmak maksady bilen «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2017—2021-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» atly duşuşyklar, çäreler yzygiderli geçirilýär. Olara jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşýarlar hem-de telekeçileriň öňünde çykyş edýärler.

Partiýamyzyň agzalary, telekeçiler ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, ilaty dürli önümler bilen üpjün etmäge, hyzmatlary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Olar ilatyň gündelik sarp edýän, iýmit, oba hojalyk, gurluşyk önümlerini öndürmäge hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda welaýatymyzda alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly gurluşyklarda işleýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň berýän miwesidir.

 


 

TSTP-niň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy - Leýla Rejepowa