Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw- ründe ähli ugurlarda gazanylýan üstün- liklerde, ýetilýän sepgitlerde ýurdumyzyň hususyýetçileriniň, telekeçileriniň mynasyp ornunyň bardygyny, hormatly Prezidenti- miziň kiçi we orta telekeçilige goldaw ber- mekde öňe sürýän başlangyçlarynyň neti- jesinde ulgamyň ösdürilmegine giň ýol açylýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyn- dan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Ýeňillikli karz seriş- deleriniň yzygiderli berilmegi netijesinde, pudakda gazanylýan üstünlikler Watany- myzyň ykdysady ösüşini kepillendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde amala aşyrýan giň möçberli işlerinden ruhlanyp, özleri barada edilýän aladalara öndürijilikli zähmetleri bilen jogap bermäge çalyşýan telekeçileriň işjeňligi netijesinde ilatyň isleg bildirýän önümleriniň öndürilişiniň

barha artýandygyny bellemek buýsançly- dyr. Muňa welaýatymyzyň etrap-şäher- lerinde hereket edýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşme- siniň agzalary bolan hususy kärhanalar we daýhan hojalyklary hem aýdyň mysal bolup biler. Şolardan Türkmenbaşy etra- bynda «Hazar balyk» kärhanasy bekre balyklaryny köpeltmekde, Balkanabat şäherinde «Batly-Gadam» hususy kär- hanasy jorap öndürmekde işleri güýçli depginlerde alyp barýarlar. Ady agzalan hususy kärhanalaryň önümlerini daşarky bazarlara ugratmak işi hem ýola goý- landyr.

Serdar etrabynda ýerleşýän oba hojalyk önümlerini öndürýän «Şärikli-Sogap» hojalyk jemgyýetinde gara mallar saklanylýar. Toplumyň suwarymly ýerlerinde ekilýän ýorunja, mekgejöwen we ýarma ýaly iýmlik ekinler şol mallara niýetlenilýär. Häzirki wagtda toplumyň işgärleri halkyň isleg bildirýän et we süýt önümleriniň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Şeýle-de Magtymguly etrabynyň Parhaý jülgesinde gök we bakja önümlerini öndürmäge niýetlenen ýyladyşhanalarda öndürilýän hyýardyr pomidor terligi bilen halka ýetirilýär.

Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygy-da bellenilmäge mynasypdyr. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşdäki güller baýramçylyk çärelerini bezeýär. Mundan başga-da, daýhan hojalygynda ýylda 12 million jüýje çykarmaga niýetlenen guş toplumynda işler oňat ýola goýlan. Şeýle hususy kärhanalaryň işgärleri beýleki etrap-şäherlerimizde hem dürli görnüşli önümleri öndürip, halka hyzmat etmekde tutanýerli zähmet çekýärler.

TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy - T.Hajyýew