Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda ulyişler durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudagyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak üns merkezinde saklanýar.
Welaýatymyzyň hususyýetçileri hem döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap berýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişli bolan, Balkanabat şäheriniň golaýynda, Düzmergen ýaýlasynda gurlan döwrebap ýyladyşhana hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri häzirki döwürde hususy pudagyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Gollandiýada, Türkiýede öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler döwrebap tehnologiýalara we kämil kompýuterlere daýanýar.
Häzirki wagtda umumy meýdany 5 gektara barabar bolan ýyladyşhananyň 4 gektar ýer böleginde pomidor ekilen. Ýyladyşhanada ýetişdirilýän, ekologiýa taýdan arassa pomidor hasylyna diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilýär. Muňa ussat telekeçiniň ösdürip ýetişdirýän pomidorlarynyň Russiýa Federasiýasynyň bazarlaryna çykarylyp başlanmagy doly şaýatlyk edýär. Ýagty geljege tarap buýsançly gadam urýan halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal- -bereketli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir.
Çynar Nuryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.