Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

PARAHATÇYLYK ÝOLY BILEN

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň eşretleri bilen ýaşamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň lezzeti bir başga. Türkmenistan asudalyga we abadanlyga alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Garaşsyz Watanymyz indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri bu parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, ösüşlerden ösüşlere, ýeňişlerden ýeňişlere barýar. Ýurdumyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan asylly däbi bolan dünýä ýurtlarynyň halklary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň düýp özeninde hem asudalyga, abadanlyga hormat, birek-birege ynanyşmak, goňşyny goldamak ýaly ýagşy niýetler jemlenendir.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň bu babatdaky Kararnamasynyň mazmunyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.  Soňky çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde derwaýys meseleleri çözmekde, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijesini görkezdi.  Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň dürli görnüşlerini öz içine alýan hyzmatdaşlyklar barha ösýär, kämilleşýär, berkeýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň esasynda amal edilen bu beýik işler Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymy bilen has-da işjeň häsiýete eýe bolýar.   

Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam edýän möhüm başlangyçlary öňe sürýär, täze teklipler bilen çykyş edýär. Umumadamzat ähmiýetli bu başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň dünýä döwletlerine resmi saparlary, olaryň çäklerindäki işewür maslahatlar, forumlar, sergiler, şeýle-de dünýä döwletlerinden wekiliýetleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän köp sanly çäreler Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky işjeň hem täsirli ornuny, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny ýene bir ýola subut edýär. 

Pederlerimiziň: “Ýagşy adamlara mähir-muhabbet bilen barmagyň, olara ýardam-hemaýat bermegiň özi uly ýagşylykdyr” diýen dana sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda goňşy gatnaşyklaryna sarpa goýmak, doganlyk goluny uzatmak ýaly ýagşy häsiýetler barha ösdürilýär. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen goňşy Owganystan döwletine yzygiderli berilýän goldaw-hemaýatlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Owgan halkyna iberilýän azyk we senagat önümleriniň, esasan, türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýändigini bellemek ýakymly.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bagtyýar türkmen halky Garaşsyz ýurdumyza beýik ösüşleri, parahatçylygy we asudalygy, ýüz-müňlerçe ykballara bolsa, sarpaly we serpaýly pursatlary bagyş eden hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuny toýlaýar. 

Taryha altyn sahypalar bilen ýazylyp, oňyn özgertmelere beslenen 2022-nji ýylyň Halkara Bitaraplyk baýramynda giňden ýazyljak toý saçaklaryny ýurdumyzyň mynasyp telekeçileriniň ýokary hilli önümleri bezär.   

Türkmen topragynda asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň höküm sürmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri bitiren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, öz halkyny oňyn Bitaraplyk ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Merdan Nowruzow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bölüm müdiri