Garaşsyz, hemişelik Bitarap eziz Diýarymyzda ýenede bir goşa toý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, jebis likde, ýokary ruhubelentlikde, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Bu iki mukaddeslik biribiri bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan Konstitusiýa — Esasy Kanun döwletiň içerki gurluşyny, ada myň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş ulgamyny berkidýän bolsa, Döwlet baýdagy Türk menistanyň Garaşsyzlygyny hemde hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän esa sy döwlet nyşanlarynyň biri bolup, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň buýsanjyny, baý taryhyny, bagtyýar şu gününi alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli halk tarapyndan saýlanylyp, ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar!» diýip, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe sürdi. Adam hakdaky alada milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, Garaşsyz ýurdumyzda adam döwletiň baş baýlygy hasaplanýar. Bu alada kanun taýdan berkidilip, Türkmenistanda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän konstitusion kadalar berjaý edilýär, umumadamzat bähbitli giň möçberli işler alnyp barylýar. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşine adamy mertebeleýän täze hukuk kadalarynyň birnäçesiniň girizilmegini halkymyz hakyndaky aladanyň öňküden-de güýçlendirilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde kanunçykaryjylyk işini döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdyp, dünýäde bolup geçýän özgertmeleri hem-de köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini ýerine ýetirýän edaralar ulgamyna goşmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi ählihalk tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, konstitusion özgertmeleriň dowam etdirilmegi möhümdir, çünki döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşy güýçli depginler bilen ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýokary netije gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy barha gowulandyrylýar. Munuň özi jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýär, kanunçykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýär.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, telekeçilik işiniň netijeliligini gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär. Esasy Kanunymyzda telekeçiligi ösdürmäge, hususyýetçileriň hukuklaryny goramaga degişli kadalar hem mynasyp orun aldy. 134-nji maddada: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýilýär. 12-nji maddada ýurdumyzda eýeçiligiň eldegrilmesizdigi, döwletimiziň ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýändigi, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi kepillendirilýär.
Baýdagymyzyň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Geçmişde ululy-kiçili döwletleriň ençemesini guran, dünýä ösüşine maddy we ruhy gymmatlyklary goşan halkymyzyň ýaşyl Tugunyň uly taryhy bardyr. Milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz hökmünde ýaşyl Baýdagymyza halkymyz tarapyndan uly sarpa goýulýar. Paýtagtymyzda belent sütünli Baş baýdak meýdançasynyň, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Döwlet baýdagynyň beýik sütünleriniň gurulmagy, mertebe Tugumyzyň gadyrgymmatynyň has-da artýandygynyň aýdyň güwäsidir.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mähriban halkymyz goşa mukaddesligiň baýramyny aýratyn şanly günlerde — hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän günlerde belläp geçýär. Goý, eziz Watanymyzda ýaşyl Baýdagymyz belentde parlasyn! Esasy Kanunymyz — Konstitusiýamyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň sarsmaz sütüni bolup, şöhratly ata Watanymyzy öňe, diňe öňe alyp gitsin!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. - S.Owganow