Gidroponika: Ylmyň Täze Gözýetimleri
Gidroponika (grekçeden terjime edilende, «gidro» — suw, «ponos» — iş) ösümlikleri topraksyz, emeli gurşawda ösdürip ýetişdirmegiň bir usuly- dyr. Köplenç, gök önümler, ir-iýmişler hem-de güller şu usulda ösdürilýär. Olaryň kökleri ýörite gaty substratlarda berkidilýär hem-de oňa barýan erginden iýmitlenýär. Ergin ýörite goşundylar bilen baýlaşdyrylýar, onuň kislotalylygy рН-metrde barlanýar. 5,6 рН köp ösümlikler üçin amatlydyr.
Bu usul, adatdakylara seredeniňde, zähmeti, suwy, döküni az talap edýär. Haşal otlara, toprakdaky zyýanberijilere, kök çüýreme, kömelek kesellerine garşy göreş çäreleri aradan aýrylýar hem-de ýokary hasyl alynýar. Topragyň aşa guramagy ýa-da yzgarlanmagy bilen bagly meseleler hem ýüze çykmaýar.
Suwuň gyt ýerlerinde, şol sanda BAE, ysraýyl, Kuweýt ýaly döwletlerde bu usul giňden ulanylýar. ysraýylda gök önümleriň, otlaryň, miweleriň 80 göterimi gidroponika usulynda ýetişdirilýär.
Gidroponika yssy, gurak şertlerde, suwy tygşytlap, bol hasyl almak üçin iň netijeli çözgütdir. Kiçi daýhan hojalyklary bu usuly, köplenç, ýeri tygşytlamak maksady bilenem saýlap alýarlar.
TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň hünärmeni - Sumbar Baýramalyýew