Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DEPGIN BARHA ÝOKARLANÝAR

Balkan welaýaty boýunça şu ýylyň geçen dokuz aýynda öndürilen senagat önümleriniň ýaryndan gowragy, has akygy, 5 milliard 510 million manatlyga golaýy döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýyna düşýär. Mallaryň, guşlaryň hem agramly bölegi hususy eýeçilige degişlidir. Şu döwürde bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen işleriň 90 göterimden hem gowragy hususyýetçiler tarapyndan amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmagy hemişe ünsde saklaýar. Häzirki döwürde tehniki ösüş, sarpedijileriň islegleriniň döwrebap kanagatlandyrylmagy köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge mynasyp goşant goşup, dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar, çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde baý tejribe toplaýarlar. Şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzda hereket edýän kanunlar türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, telekeçiligi depginli ösdürmäge doly mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň ulgamy ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän balkanly telekeçiler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly işleri bitirýärler. Soňky on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda welaýat boýunça gurlup, ulanyşa berlen, häzirkizaman hil ülňülerine doly laýyk gelýän orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny öndürýän, gurluşyk serişdelerini taýýarlaýan kärhanalaryň, ýaşaýyşjaýlarynyň taslamalaryny ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleriniň ýokary hil ülňülerine laýyk ýerine ýetirendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususy kärhanalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, günbatar sebitiň etrap merkezleridir şäherlerinde, oba-şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, dürli maksatly desgalaryň, garaýollaryň gurluşyklaryny özbaşdak amala aşyrmakda-da ussatlyklaryny görkezmegi başarýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan hususyýetçileriň soňky gysga döwürde günbatar sebitde guran iri önümçilik we durmuş maksatly desgalarynyň sany barmak büküp sanardan köp. Olaryň hatarynda dürli senagat harytlaryny, çörekdir konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalar, miwe, gök-bakja we et önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar, döwrebap tehnologiýaly gökdir miwe önümleri ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanalar, söwda-senagat merkezi, bekre balygyny we onuň işbilini ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän häzirkizaman kärhanasy we beýlekiler bar. Welaýatyň telekeçileri diňe bir gurluşyk işlerini alyp barmak bilen çäklenmeýärler. Häzirki wagtda sebitiň etraplarynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, ir-iýmişleri,gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek,olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan, ilata dürli görnüşli hyzmatlary ýola goýan telekeçileriň sany barha artýar. Welaýat boýunça şu ýylyň geçen dokuz aýynda öndürilen senagat önümleriniň ýaryndan gowragy, has takygy, 5 milliard 510 million manatlyga golaýy döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýyna düşýär. Mallaryň, guşlaryň hem agramly bölegi hususy eýeçilige degişlidir. Şu döwürde bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen işleriň 90 göterimden hem gowragy hususyýetçiler tarapyndan amala aşyryldy. Ýeri gelende aýtsak,bu ulgamda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň alyp barýan wagyz-ündew çäreleri hem özüniň oňyn netijelerini berýär. Hut häzirki wagtda Balkan welaýaty boýunça dürli işleri alyp barýan telekeçileriň iki müňden gowragy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmäge berýän taýsyz goldaw-hemaýatlary bolsa partiýa agzalarymyzyň sanynyň we olaryň dürli ugurlar boýunça işjeňliginiň artmagyny üpjün edýär. Ýerlerde ilkinji guramalarymyzyň 60-dan gowragy bolup, olar partiýa agzalarynyň etrap-şäherlerde, welaýatda, tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanýarlar. Hut häzirki günlerde bolsa balkanly telekeçiler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barmak üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Olar döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna giň gerimli işleri alyp barmaga döredýän taýsyz mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy - T.Hajyýew