Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALKYMYZYŇ RUHY GYMMATLYGY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden hasyl bolup, okyjylar köpçüligine gowuşýan her bir kitaby il-günümizde uly gyzyklanma döredýär. Şu ýerde bir bellemeli zat, geçen ýyl milli Liderimiz Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň öňýanynda özüniň “Türkmenalabaýy” atly kitabyny halkymyza sowgat eden bolsa, üstümizdäki —Türkmenistan—Bitaraplygyň mekan yýylynda Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby il-günümize özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Arkadag Prezidentimiziň çapdan çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly gyzyldan gymmatly eserinde geçmişi şöhratly, geljegi abadan gadymy halkymyzyň ruhy dünýäsi barada giňişleýin we gyzykly gürrüňe dilýär. Bu gymmatlygyň bolsa ata Watanymyzyň bakylyk binýadydygyndan ugur alsak, onda bu kitapda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary dogrusynda täsirli söhbet açylýandygyna gözýetirmek kyn däldir. Şeýle hem bu eserinde Gahryman Prezidentimiz ynsan durmuşynda ylym-bilimiň ähmiýeti, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, myhmansöýerlik ýaly halkymyzyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan düşünjeler dogrusynda okyjylara täsirli gürrüň berýär. Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň milli mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy wagyz etmekdäki iňňän uly ähmiýetini guwanç bilen bellemelidiris.

Maral DURDYÝEWA. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.