Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Ählumumy parahatçylygyň ýoly bilen

Dünýä jemgyýetçiliginiň Garaşsyz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy nähli babatda ýokary baha berýän digini biz her pursatda görýäris. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna sebitde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary amala aşyrmagyň, halkara derejesin de wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň, şonuň ýaly-da olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Garaşsyz Diýarymyz bu günki gün abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň wajyp düzüm edaralarynyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, umumadamzat bähbitli taslamalary üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň öňesürýän başlangyçlary halkara gatnaşyk- laryny ýaýbaňlandyrmakda, dost-doganlygy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm şertleri döredýär. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň dostana halklara we goňşy ýurtlara tarap uzaýan kökleri gol ýaýradyp, bolnygmat eçilip, dünýäniň hem adam zadyň baky parahatçylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Parahatçylygyň belent sütünleri bolsa, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ynam-ly hyzmatdaşlyk, deň hukukly we özara bähbitli gatnaşyklar ýaly düşünjelere daýanýar. Onuň aýdyň ýoluny açýan başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň öňesürýän syýasy taglymatynyň baş ugrudyr. Şeýle parasatly başlangyçlar, oňyn özgertmeler arkaly aslynurdan bolan türkmen halkyny galkyndyrýan, bütin dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP-niň Lebap welaýat komitetiniň bölüm müdiri - G.Ataşowa