Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ERTIRIMIZE YNAMYŇ KEPILI

Arkadag Prezidentimiziň teklibinden göz baş alyp, “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň guwanjy ýokary ruhubelentlik eçilýär. Sebäbi, Garaşsyz Türkmenistanymyzyň her bir raýaty üçin hemişelik Bitaraplygymyzyň parahat durmuşymyzyň kepilidigi, bagtly ertirimize ynamly garap, rahat ýaşap, arkaýyn zähmet çekmegiň ygtybarly mümkinçiligi guwanjymyza guwanç goşýar. Hutşonuň üçinem Bitaraplygymyz milli buýsanjymyza öwrülip, milli Liderimiziň belleýşiýaly, Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan Goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda taryhy Rezolýusiýa kabul edildi. Şol seneden başlap, Garaşsyz döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen parahatçylyk arkaly ösüşiň ýoluny saýlapaldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaçlanýar. Bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolup, döwletimiziň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Bugün Garaşsyz Türkmenistanymyz parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanalyp, Arkadag Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň barha golaý gelýän günlerinde şanly senä sowgatly barmagyň guwanjy ýeňişli sepgitlere ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hünärmeni. - Maral Orazsähedowa