Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm ornuň degişlidigini nygtaýar, olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Onda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň geljekki möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär, şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklary düýpli özgerýär. Bu ýagdaý jemgyýetçilik guramalaryndan täzelenişi hem-de iş usullaryny kämilleşdirmegi talap edýär. Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Türkmen ýaşlary Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimizi ösdürmäge, döwrebap ýagdaýa getirmäge işjeň gatnaşýandyklaryna ýokary baha berýäris» diýen sözleri olary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar. «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, ýuridik şahsy döretmezden we işi ýaşlar telekeçiligine degişli edilen, ýuridik şahsyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň düzümine girýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan Türkmenistanyň raýaty ýaş telekeçi hasaplanýar. Onda ýaşlar telekeçiligi barada-da düşünje berilýär. Kanunyň 29-njy maddasy «Ýaşlar telekeçiliginiň döwlet goldawy» diýlip atlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Adamyň sarpasy we mertebesi onuň çekýän zähmetine görä kesgitlenýär» diýen sözlerinden ugur alyp, telekeçi ýaşlar yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň hünärini kämilleşdirmeklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň aýratyn orny bar. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem bölümleri bolan mekdebiň taýýarlyk ugurlary täze hünärler bilen yzygiderli artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň geljekde bu ulgam üçin kämil hünärmenleri taýýarlajak ýokary okuw mekdebini döretmek başlangyjy-da öňdengörüjiliklidir. Iş maslahatynda ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde teklipleri taýýarlamaga işjeň gatnaşmak tabşyryldy. 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda hem kanunçylyk namalaryny bazar gatnaşyklary şertlerinde pudaklaryň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirmegiň, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamagyň, sanly ulgama geçmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň we paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerdigini belledi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi) Kanunda telekeçilik hukuk taýdan goldanylyp, birleşmäniň ygtyýarlyklary giňeldi. Milli Liderimiz hususy işewürligiň wekilleriniň işine, olaryň iri şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna ýokary baha berip, döwletimiziň telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn kömek we aýratyn üns berjekdigini nygtaýar. Berilýän goldawlaryň netijesinde, olaryň uly üstünlikleri gazanýandygyna geçen ýyl Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we sebitlerde geçirilen dabaralar hem şaýatlyk etdi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat bolan binagärlik açylyşlarynyň — paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň TSTB-niň agzalary tarapyndan amala aşyrylandygy buýsançlydyr. Bu tapgyrda gurlan jaýlaryň öýleriniň «akylly öý» taslamasy boýunça enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de bu halkara hukuk derejämiziň 25 ýyllygynyň bellenilýän gününde möhüm ähmiýetli maslahatyň geçirilmegi we onda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň öňe sürülmegi aýratyn bellenmeli waka boldy. Jemleýji resminamadan görnüşi ýaly, maslahata gatnaşyjylar syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletleriň arasyndaky durnukly hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary goldamak üçin, şeýle hem sebitara, sebit hem-de halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin Bitaraplygyň ykdysady hem-de geoykdysady ugurlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Hususy telekeçileriň öňünde senagat ugurly iri taslamalary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça taslamalary işjeň amala aşyrmak wezipesi goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz eksport edijileriň goldaw merkezi hem-de kiçi we orta telekeçilere goldaw bermegiň merkezi ýaly guramalary jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy, bu ugurda daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini öwrenmegi-de degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalary meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän ähli toýdur baýramlarda bolşy ýaly, türkmen telekeçileri ildeşlerimizi Täze ýyl baýramçylygynda hem öz önümleri — Täze ýyl sowgatlarynyň müňlerçesi bilen begendirdiler. Şu ýylda-da guwandyryjy netijeleriň gazanyljakdygyna ynamymyz uly. Beýik işleri bilen bizi ýagty ertirlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, halkymyzyň röwşen geljegi üçin alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Saparmyrat OWGANOW