Türkmenistan döwletimiz şu ýyl ýatdan çykmajak hem-de taryhy ähmiýetli şanly senäni – Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen belleýär. Otuz bäş ýyllyk taryh – bu halkymyzyň agzybirlikde gazanan üstünlikleriniň, döwlet Garaşsyzlygynyň berkitjek ýolunda geçilen beýik menzilleriň aýdyň şaýadydyr.
Garaşsyzlyk Türkmen halkynyň göterilen ykbalydyr we milli buýsanjymyza öwrülen mukaddeslikdir. Ol halkymyzyň şöhratly geçmişine buýsanjy, ösüşlere beslenýän şu gününe, röwşen geljegine belent ynamydyr. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýan tutumly işleriň ençemesi amala aşyryldy. Däp-dessurlarymyz gaýtadan dikeldilip, milli mirasymyz dünýä ýaýyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ösüş özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýändigini bellemek ýakymlydyr.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly «Biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär» diýip belleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň has-da gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýýär. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlyklara beslenýän günlerinde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny garşy alýarys. Ýer ýüzünde bagtyýarlyk mukamy belentden belent ýaňlansyn! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda gazanylýan belent sepgitler dowam bolsun! Garaşsyz Diýarymyzda üstünlikler üstünliklere ulaşsyn! Berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, agzybir, merdana halkymyzyň baky bagtyýarlykda röwşen geljege ynamly gadam urmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.