Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÖWLETLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şöhratly geçmişimizi, bagtyýar şu günümizi we beýik geljegimizi baglanyşdyryp, ösüşlerimiziň binýadyny berkidýän çözgütler Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýär. Halk häkimiýetiniň iň ýokary guramasy hökmünde çykyş edip, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny we adalatlylyk ýörelgelerini özünde jemleýän bu gurama milli demokratiýamyzyň köpasyrlyk ösüş ýolunyň dabaralanmasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen agzybir halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrar.

Halk Maslahatynyň many-mazmunyna düşünmek üçin, ilki bilen, milletimiziň köpasyrlyk şöhratly taryhyna nazar aýlamalydyr. Şonda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan dörediji, gurujy, döwletli halk bolandygyna göz ýetirýärsiň. Halkymyz asyrlaryň külpetlerine döz gelip, milli özboluşlylygyny saklamagy we dünýä nusgalyk gymmatlyklary kemala getirmegi başarypdyr. Türkmeniň durmuş pelsepesinde köpçüligiň bähbidiniň ileri tutulmagy milletimize taryhyň synaglaryndan üstünlikli geçip, özygtyýarly döwletini berkarar etmäge ýardam edipdir. Taryhy ähmiýetli pursatlarda halk bähbitli çözgütleri kabul etmekde ähli meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek milletimiz üçin asylly däbe öwrülipdir. Şeýle maslahatlara baý durmuş tejribesi bolan ýaşulular, kethudalar, gaýduwsyz serkerdeler, serdarlar bilen bir hatarda, daýhanlar, senetçiler, mahlasy, jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan wekiller gatnaşyp, öz pikir-garaýyşlaryny beýan edipdirler. Maslahatda kabul edilýän çözgütler jemgyýetiň ähli agzalarynyň gyşarnyksyz beýan edýän kanunlaryna öwrülipdir. Hut şeýle asylly däp-dessurlar, birek-biregi goldamak, arkalaşmak, parasatly ýaşulularyň pikirlerine sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy dowam edýän döwletlilik ýörelgelerini kemala getiripdir. Täze taryhy döwrüň Halk Maslahaty şol gadymy däp-dessurlaryň, parasatly ýörelgeleriň häzirki zaman şertlerine kybap getirilip, konstitusion kadalar esasynda berkidilen döwrebap keşbini jemleýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan abadançylygyň, durnukly ösüşiň we ynamly öňegidişligiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şeýle rowaçlygyň binýadynda parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşuly nesliň pähim-paýhasyny ýaşlaryň döredijilik kuwwaty bilen birleşdirýär. Bu günki gün ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary diňe bir taryhy gymmatlyklar hökmünde goralmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly işleýän döwlet dolandyryş ulgamynyň möhüm şerti hökmünde yzygiderli kämilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň we binýadyny goýan döwlet strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda mynasyp hem-de okgunly dowam etdirilmegi hem şu hakykatdan gözbaş alýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli jebisligi berkitmekde-de uly ähmiýete eýedir. Umumymilli forumda asyrlarboýy dowam edip gelýän ýörelgelerimize laýyklykda, dürli wezipedäki, dürli kesp-kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlar pikirlerini we tekliplerini beýan etmäge, kabul edilýän çözgütlere öz sesini goşmaga mümkinçilik alýar. Döwletli maslahatda daýhanlar, ýaş alymlar, lukmanlar, mugallymlar, telekeçiler, gurluşykçylar we beýleki kärdäki adamlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi bilen bagly garaýyşlarynydyr tekliplerini beýan edýärler. Halk Maslahatynyň mejlisinde biragyzdan kabul edilýän çözgütler jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn hormat-sarpa eýe bolýar. Şeýle bitewülik we agzybirlik döwletimiziň belent maksatlarynyň myrada gowuşmagynda uly ähmiýete eýedir.

Ählihalk forumy diňe bir dabaraly mejlis bolman, Watanymyzyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşinde ykbal kesgitleýji ähmiýeti bolan strategik mehanizmiň wezipesini ýerine ýetirýär. Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzyň onlarça ýyllyk ösüşine ýol açýan, geljekki keşbini kesgitleýän döwlet maksatnamalary we möhüm kanunlar kabul edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhyndan görşümiz ýaly, umumymilli forumlarda her bir raýatyň durmuşyny özgerdýän giň gerimli özgertmelere badalga berilýär. Muňa mysal edip, milli agrosenagat toplumyny düýpli döwrebaplaşdyryp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän çözgütleriň, şäherleriň we iň çetki ilatly ýerleriň ýaşaýyş derejesini deň derejä ýetirmäge ýardam edýän Oba milli maksatnamasynyň kabul edilmegini we beýleki möhüm çözgütleri görkezmek bolar. Şonuň esasynda bu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap bilim ojaklary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri, sport toplumlary, medeniýet öýleri hereket edýär.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzy giň gerim bilen senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, «akylly» şäher taslamalaryny durmuşa geçirmek, ulag-logistika düzümlerini kämilleşdirip, Türkmenistany täzeden galkynýan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasyna öwürmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna we durmuş ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm çözgütler hem hut Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisleriniň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna beslenendir. Garaşsyzlyk — halkymyzyň iň mukaddes gymmatlygy, özygtyýarlylygymyzyň, erkinligimiziň, ösüşlerimiziň binýady. Hut şeýle mukaddes gymmatlygy dabaralandyrýan baýramyň öňüsyrasynda geçen ýolumyza täzeden nazar aýlamak, ýerine ýetirilen işlere baha bermek, geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek, tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimizi sylaglamak üçin ildeşlerimiz agzybirlikde bir supranyň başyna jemlenýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde tutanýerli zähmeti bilen ösüşlerimize goşant goşýan ildeşlerimiziň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, olara hormatly atlaryň berilmegi her bir adamyň zähmetine döwlet derejesinde goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tylla güýzünde türkmen halky täze, has belent sepgitleriň, beýik işleriň bosagasynda dur. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli tagallalary esasynda eziz Watanymyz ösüşiň täze gözýetimlerini nazarlaýar. Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary, syýasy we ykdysady strategiýalary Watanymyzy XXI asyryň kuwwatly senagat döwletine, parahatçylygyň we abadançylygyň mekanyna öwürmäge gönükdirilendir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, sanly ulgamy ösdürmek, innowasion önümçilikleri döretmek, bilimli, terbiýeli, watansöýüji, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly — abadan, röwşen, gülläp ösýän geljege uzaýan ýol. Bu ýolda parasatly pederlerimiziň ýörelgeleri ygtybarly çelgi, häzirki zaman tehnologiýalary bolsa ösüşiň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär.

Umumymilli forumyň nobatdaky mejlisinde halk parasadynyň köpasyrlyk tejribesine daýanyp kabul ediljek çözgütleriň Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary, agzybir halkymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde röwşen geljege giň ýol açjakdygyna berk ynanýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen halkymyzyň agzybirligi barha berkäp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşleri dowamat-dowam bolsun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.