Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK – BAŞYMYZYŇ TÄJI, BEÝIK GELJEGIŇ BINÝADY

Türkmenistan ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy pederlerimiziň köp asyr arzuw eden beýik maksadynyň hasyl bolmagydyr. Şu günümiziň bagtly we aýdyň geljege uzan nurly ýoludyr. Türkmen halkynyň beýik taryhy, baý medeni mirasy we milli ruhy gymmatlyklary Garaşsyzlygyň berk binýadydyr. Garaşsyzlygyň bize beren bahasyna ýetip bolmajak miwesidir. Oguz han Türkmen ýaly beýik şahsyýetden gözbaş alýan halkymyzyň taryhynda, Gorkut ata, Görogly ýaly gahrymanlar, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlar, ýene-de ençeme ägirtler ýaşap geçipdir. Garaşsyzlyk halkymyza öz taryhymyzy we milli gymmatlyklarymyzy gaýtaryp berdi. Beýik pederlerimiziň arzuw eden erkin we özbaşdak, kuwwatly döwleti berdi. Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň öz ykbalyny özi kesgitlemäge, milli däp-dessurlaryny, medeniýetini we ruhy gymmatlylaryny ösdürmäge giň mümkinçilik berdi. Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň ösüşlerine, gazanan uly üstünliklerine buýsanç bilen seredýäris. 35 ýyl taryh üçin uzak döwür bolman biler, ýöne 35 ýylyň içinde amala aşyrylan işler sanardan gaty kän. Bu üstünlikleri diňe sanlar bilen ýa-da gurlan binalar bilen ölçemek hem mümkin däl. Garaşsyzlygyň bize beren miwesi halkymyzyň gündelik durmuşynda, asuda ýaşaýşynda, çagalaryň şadyýan gülküsinde, ildeşlerimiziň bereketli ojagynda, baýramçylyklaryň şowhunynda we geljege bolan ynamynda öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlyk ýyllar içinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, obadyr şäherlerinde täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, medeniýet merkezleri, hassahanalar, döwrebap önümçilik kärhanalary, demir ýollary, gara ýollary, howa menzilleri we durmuş maksatly birnäçe binalardyr, desgalar gurulup ulanylmaga berildi. Halkyň hal ýagdaýy ýylsaýyn däl, günsaýyn gowulandy. Ýurdumyzda iri taslamalar durmuşa geçirilip, täze iş orunlary döredildi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşler gazanyldy. Halkymyzyň halal zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin oňaýly şerler döredildi. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar baradaky alada-da elmydama üns merkezinde boldy. Häzirki wagtda çagalar döwrebap mekdeplerde bilim alýarlar, dürli ugurlardan hünär öwrenýärler, sport we döredijilik bilen meşgullanýarlar. Olaryň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan hususyýetçiligi ösdürmäge hem aýratyn üns berildi. Kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin bimöçber aladalar edildi. Türkmen telekeçileriniň täze kärhanalary gurup, döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşdy. Hususy telekeçileriň işjeňliginiň artmagynda degişli taslamalaryň döredilmegi we maliýe karz serişdeleriniň berilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli pähim parasady bilen ilki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi, onuň yzysüre bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi, «Rysgal» Paýdarlar Täjirçilik Bankynyň açylmagy hususy pudagyň ösmegine uly itergi berdi. Türkmen telekeçileriniň tebigy taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykdy. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümleri ýurdumyzyň ak bazarlarynda görmek bilen birlikde, olaryň daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýändigine-de şaýat bolýarys. Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki zaman bilimlerini ele almagyna, telekeçilik we ykdysady ugurlarda hünärli ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy. Bu uniwersitetiň açylmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna döredilýän şertleriň giňelýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Umuman aýdanymyzda Garaşsyzlyk diňe bir döwletimiziň özbaşdaklygy däl, ol halkymyzyň kalbyndaky erkinlik, Watana bolan söýgi, öz güýjüňe we geljege bolan ynamdyr. Biz Garaşsyzlygymyzyň her bir üstünligine guwanýarys. Ýurdumyzda alynyp barylýan döredijilikli işler, täze taslamalaryň, maksatnamalaryň ýola goýulmagy, şäherleriň we obalaryň yzygiderli gözelleşdirilmegi, ösdürilmegi uzak we aýdyň geljegi kepillendirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymda ýaşaýandygyma buýsanýaryn. Watan diňe dogduk depe bolman, eýsem ony söýmek, goramak, ösdürmek we geljek nesillere has gözel ýagdaýda miras goýmakdyr. Şu ajaýyp zamanamyzda, asuda parahat asmanymyz barka, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen ýurdumyz ynamly öňe barýarka, ýurt baştutanlarymyzyň daşyna berk jebisleşip, parahat ojagymyzda çagajyklarymyzyň gülküsine guwanyp ýaşamak galýar. Eýsem mundan uly bagt barmydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleri mundan beýläk hem dowamat dowam bolsun! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhrady belentliklere göterilsin! Ýaşyl tugymyz asuda asmanymyzda erkana pasyrdasyn! Arkadagym sag bolsun! Gülläp-ösýär Watanmyz. Bedew batly zamanda Öňe gitsin ýurdumyz! Prezidentim sag bolsun! Alkyşlarymyz kän bolsun! Bu berkarar döwletde, Il-günümiz şat bolsun! Şu goşgy setirlerinde beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir, goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.