Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI MIRASYMYZ DÜNÝÄDE DABARALANÝAR

 

Ýurdumyzda milli mirasymyzy dikeltmek, ony täze öwüşginler bilen baýlaşdyrmak hem-de medeni gymmatlyklarymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrmak döwlet syýasatynyň iň ilkinji we möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen behişdi bedewlerimize bolan sarpa ýokary belentliklere göterildi. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, we sarpalanmagyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli, taryhy maksatnamalar amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik howandarlygy netijesinde türkmen atşynaslyk sungaty diňe bir ýurdumyzyň içindäki dabaralar bilen çäklenmän, eýsem halkara giňişliginde hem uly abraýa we belent mertebä eýe bolýar. 

Şeýle maksatnamalaýyn taslamalaryň arasynda Ýewropa kontinentindäki Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi aýratyn buýsançly waka boldy. Bu giň gerimli halkara çäre türkmen halkynyň köpasyrlyk milli mirasynyň, göwünlerde beslenen belent buýsanjynyň hem-de dünýä siwilizasiýasyna goşan ägirt goşantlarynyň ýene bir gezek bütin dünýäde dabaralanmagyna giň ýol açdy.

Halkymyzyň milli buýsanjy, gözelligiň, ýyndamlygyň we şan-şöhratyň belent simwolyna öwrülen behişdi bedewlerimiz asyrlar boýy parahatçylygyň hem-de dostlugyň nyşany hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ahalteke atçylyk sungatyny ösdürmek, tohumyň arassalygyny saklamak we ony halkara giňişliginde giňden wagyz etmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirilýär. Niderlandlar Patyşalygynda guralan bu dünýä çempionaty hem edil şol tutumly işleriň amaly netijesi bolup, Ýewropanyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen atşynaslary, hünärmenleri hem-de bu ajaýyp bedewlere köňül beren müňlerçe janköýerleri bir ýere jemledi.

Dünýä çempionatynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi hem-de «Ahalteke bedewleri: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» diýen mowzukda Ylmy-amaly maslahat guraldy. Maslahatyň dowamynda ahalteke atlarynyň nesil seljerişini içgin öwrenmek, olaryň baş sanyny artdyrmak hem-de halkara derejesindäki sport bäsleşiklerine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin söhbet edildi. Maslahatyň iň bir buýsandyryjy wakasy bolsa Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Gahryman Arkadagymyzy «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly baýrak bilen sylaglamagy boldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyza möhüm tagallalary üçin  goýulýan mynasyp hormaty görkezdi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly çuňňur many-mazmunly kitabynyň niderland dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu neşir daşary ýurtly hünärmenler we okyjylar üçin türkmen atşynaslyk sungatyny öwrenmekde gymmatly gollanma öwrüldi. 

Çempionatyň giňden garaşylan bölegi bolan gözellik bäsleşiginde bedewleriň beden gurluşy, reňk aýratynlyklary, syratlylygy hem-de meýdançada özüni alyp barşy boýunça eminler topary tarapyndan Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan getirilen ençeme bedewlere ýokary baha berildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de baýrakly orunlara eýe bolan bedewleriň eýelerine dabaraly ýagdaýda ýörite kuboklar, diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaralara aýratyn öwüşgin beren wakalaryň biri hem dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlary boldy. Şeýle hem çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň milli halylarynyň, zergärçilik önümleriniň we çeper amaly-haşam sungatynyň giňişleýin sergisi guraldy. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda we tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, türkmen medeniýetiniň hem-de atşynaslyk mekdepleriniň nepislik we ussatlyk derejesini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen bu bütindünýä çempionaty behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň bütin dünýäde täze belentliklere göterilýändiginiň hem-de milli mirasymyzyň halkara derejesinde uly hormatdan peýdalanýandygynyň nobatdaky aýdyň görkezijisidir.

Türkmen atşynaslyk sungatynyň şan-şöhratyny täze belentliklere göterýän, behişdi bedewlerimiziň gözelligini we ýyndamlygyny bütin dünýäde dabaralandyrýan, milli mirasymyzy dikeltmekde hem-de ony tutuş umumy adamzat gymmatlygyna öwürmekde beýik işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, halkara derejeli beýik tutumlarynyň barha rowaçlanmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin!

Baýram ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň umumy bölüminiň baş hünärmeni.