Döwrüň bedew bady beýik ösüşler bilen şöhratlananda, köňüllere buýsanç kelamy dolýan bolmaly. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda çapdan çykan «Türkmeniň buýsanjy» goşgusy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň joşgunly şygary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde çapdan çykan bu ajaýyp goşgy köňülleriň buýsanç senasyna öwrülip, il-ulusymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Beýik taryh – beýik geljege binýat,
Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň.
Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat,
Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň.
– diýen joşgunly setirler bilen başlanýan goşgynyň ilkinji setirlerinde beýik geljegimiziň, şöhratly taryhymyzyň waspy ýaňlanýar. Halkymyzyň röwşen ykbaly, bedew ruhy ýaly kämil düşünjeler türkmen şygryýetinde özüniň täzeçilligi hem-de ruhy taýdan galkyndyryjy manysy bilen tapawutlanýar. Bilşimiz ýaly, bedew ruhy kalbyna siňen bagtyýar halkymyz Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, belent sepgitlere ýetdi, beýik ösüşleri gazandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary bilen türkmen halkynyň ykbaly galkyndy. Bu döwletli döwranyň dowamaty bolsa hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary bilen utgaşyp, üstünlikli dowam etdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil eserinde bedewiň keşbi täzeçe beýan edilýär. Goşguda «jümle-jahan gözelliginiň görkünde jemlenendigi, halkymyzda «At – myrat», «At – ganat» diýen mukaddes düşünjeleriň kamillik kemalyndan gözbaş alýandygy täsirli suratlandyrylýar. Şanly ýylymyzyň şygarynda hem halkymyzyň «At – myrat» diýen dana pähiminiň mynasyp orun alandygyny bellemek gerek. Şeýle hem goşguda behişdi bedewleriň türkmeniň kämillik kemalyna deňelýändigi aýdylýar.
Ene yhlasyndan, gelin-gyzlaryň tutanýerli zähmetinden kemal tapan türkmen halysy baradaky kämil pikir-garaýyşlaryň bir goşgynyň manysynda suratlandyrylmagy hem aýratyn bellärliklidir. Milli sungatymyz bolan atçylyk sungatynyň, halyçylyk sungatynyň, itşynaslyk däpleriniň döwlet Baştutanymyzyň kämil eserinde beýanyny tapmagy häzirki ajaýyp döwrümizde milli buýsanjymyza goýulýan sarpanyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. «Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi» diýen kämil pikirler bilen waspy ýetirilýän «wepaly alabaýlar» halkymyzyň «hemişelik hemrasydyr».
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, medeniýet halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň galkynan täze taryhy eýýamy hormatly Prezidentimiziň ulgamy galkyndyrmak babatynda öňde goýan belent wezipelerinden gözbaş alýar. Kämil eseriň galkynyşly setirler bilen jemlenmegi has-da özüne çekýär:
Owazasy ýedi yklyma ýaýran,
Beýik sungatyna giň dünýä haýran,
Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – halkymyzyň göwni bolup güllän zamanasy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler täze taryhy eýýamy şöhratlandyrýar. Bu günki gün şol beýik ösüşleriň dowamat dowama atarylýandygy goşguda çeper beýan edilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kämil eserini gymmaty egsilmejek toý sowgady hökmünde kabul etdiler. Şu şatlykly pursatda hormatly Prezidentimiziň şeýle kämil eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. Goý, bedew ruhy bilen galkynan ata Watanymyzyň beýik ösüşleri dowamat dowam bolsun!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.