«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesini uly üstünlikler, taryhy wakalar bilen garşylaýar. Şeýle buýsançly wakalaryň biri hem 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk-sport toplumynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatydyr. Ýewropa yklymynda ilkinji gezek şeýle giň gerimde geçirilen bu dünýä çempionaty we oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni diplomatiýamyzyň halkara derejesindäki belent dabaralanmasyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz çempionatyň çäklerinde guralan Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde çykyş edip, möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Milli Liderimiz dünýäde ahalteke atçylygyny has-da ösdürmek üçin halkara guramalaryň arasynda ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy guramagy, ylmy-barlag we aň-bilim işlerini utgaşdyrmagy, şeýle hem anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň bütindünýä atly sport ýaryşlaryna gatnaşmagyny giňeltmek üçin baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça ýörite maksatnamalary işläp düzmegi hem-de iri halkara çempionatlary her bäş ýyldan geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderimiziň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglanmagy ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň belent ykrarnamasyna öwrüldi.
Çempionatyň gyzgalaňly geçen sport we gözellik bäsleşiklerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen iň naýbaşy bedewler gatnaşdy. Dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üýtgeşik çykyşlary, şeýle-de Niderlandlarda Gahryman Arkadagymyzyň niderland diline terjime edilen täze kitabynyň taryhy tanyşdyrylyşy dünýä çempionaty bilen utgaşykly geçirilen möhüm çäreleriň üstüni ýetirdi. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda guralan milli sergide bolsa türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler we şekillendiriş sungatynyň eserleri Ýewropanyň tomaşaçylaryny haýran galdyrdy.
Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem, uly medeni baýramçylyga öwrüldi. «Pilbergen» sport merkezinde meşhur türkmen halylarynyň, milli şaý-sepleriniň, nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisi guraldy. Dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň täsin we haýran galdyryjy çykyşlary, şeýle hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky dabaraly konsert Ýewropanyň jümmüşinde türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny belende göterdi. Mundan başga-da, dürli ýurtlaryň alymlarynyň we seýisleriniň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak we tohum arassalygyny goramak ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bularyň ählisi milli buýsanjymyzyň dünýädäki şöhratynyň has-da artmagynda uly ähmiýetlidir.
Halkara derejesinde guralan bu dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçmeginde ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň, işewür telekeçileriň hem mynasyp goşandynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Niderlandlar Patyşalygynda guralan halkara sergi meýdançalarynyň milli äheňde bezelmeginde, guramaçylyk şertleriniň döwrebap üpjün edilmeginde uly işjeňlik görkezdiler. Işewürler tarapyndan sergi meýdançalarynda guralan pawilýonlar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde telekeçilerimiziň taýýarlan, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyndan, ene-mamalarymyzyň el hünärinden gözbaş alýan nepis haly we amaly-haşam sungatynyň önümleri, şeýle hem milli nusgadaky sowgatlyklar aýratyn orun aldy. Gözelligi we ýokary hili bilen tapawutlanýan bu önümler diňe bir medeni mirasymyzy dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň hususy pudagynyň eksport mümkinçiliklerini Ýewropada tanyşdyrmakda hem möhüm ädim boldy. Dünýä çempionatynyň çäklerinde guralan duşuşyklar we sergiler türkmen işewürleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyna amatly meýdança döretdi. Şeýlelikde, bu taryhy çäre medeni we işewürlik diplomatiýasynyň kämil bolmak bilen, halkara söwda, maýa goýum we ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösmegine güýçli itergi berdi.
Ata Watanymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, milli gymmatlyklarymyzyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Guwanç AKMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary.