Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN BAGTYÝARLYGYŇ, BERKARARLYGYŇ ÝOLY BILEN

Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan mukaddes özygtyýarlylygynyň hem-de milli döwletlilik binýadynyň beýik dabaralanmasydyr. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolany bäri geçen taryhy taýdan gysga wagtyň içinde syýasy, ykdysady we medeni taýdan guwandyryjy beýik ösüş ýoluny geçdi. Bu şanly ýol halkymyzyň agzybirligine, milli jebisligine hem-de berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna berk esaslanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk diňe bir ýurdumyzyň syýasy hem-de geografik serhetlerini däl, eýsem her bir öý-ojagyň parahatlygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny hem-de erkin döredijilikli zähmetiniň baş kepilidigini aňladýar.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly kuwwatlanmagynda hususy pudaga, ýagny milli telekeçilige aýratyn möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, hususy başlangyçlary höweslendirmek döwlet syýasatynyň iň ilkinji ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, täze önümçilikler hem-de hyzmatlar ulgamlary bökdençsiz ýola goýulýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň hem-de iri binagärlik desgalarynyň gurluşygynda ýerli telekeçilerimiziň alan işjeň paýy olaryň beýik gurujylyk ukybyndan we ýokary hünär derejesinden habar berýär.

Aýratyn hem, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hususy pudagyň beýik gurujylyk kuwwatynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Bu iri bilim toplumlarynyň açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, milli telekeçilerimiziň halkara ölçeglerine laýyk gelýän irki binagärlik taslamalaryny ýokary hilli amala aşyrmaga ukyplydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Hususy pudagyň batly ösüşi diňe bir içki bazary bol önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem eksport kuwwatymyzy hem barha artdyrýar. Ýerli telekeçiler tarapyndan öndürilýän ýokary hilli harytlar halkara bazarlarda uly islege eýe bolup, «Türkmenistanda öndürildi» diýen brendiň abraýyny belende göterýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň Durnukly Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara giňişlikde parahatçylygy, dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bitaraplygymyz Türkmenistanyň global durnuklylyga goşýan uly goşandydyr. Ýurdumyzyň açyk gapylar syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, hususy pudakda halkara maýa goýumlaryny çekmäge we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilik açýar.

Ylym, bilim, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýaş telekeçileriň kemala gelmegine, döwrebap biznes taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine giň şert döredýär. Ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň özenini düzmek bilen, täze nesil telekeçileriň bäsleşige ukyply önümçilikleri döretmegine we milli ykdysadyýetimize innowasion çözgütleri girizmegine uly itergi berýär. Milli mirasymyz we edebi-ruhy gymmatlyklarymyz, Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasy zähmetsöýerlik hem-de adalatlylyk ýörelgeleri bilen sazlaşykly birleşip, telekeçilik medeniýetimiziň hem berk binýadyny düzýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy önümçiligiň ösmegi, täze iş оrunlarynyň döredilmegi hem-de watandaşlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzy şeýle bagtyýar we berkarar durmuşa ýetiren, milli telekeçiligimiziň ösmegine uly goldaw berip, ýurdumyzy durnukly ösüşleriň hem-de halkara abraýyň belentliklerine sary ynamly alyp barýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy we çuňňur sagbolsunymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.