Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AJAP EÝÝAMYMYZYŇ DÖWLETLI ÝÖRELGESI

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda gülläp ösüşleriň röwşen ýolunda ilerleýän Berkarar Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünliklere ykdysadyýetiň pudaklarynda ýetilýän sepgitlere, her bir raýatyň tutanýerli zähmetine baha berýär. 

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän umumymilli forumy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede guramak boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 19-njy sentýabrda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Görşümiz ýaly, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň nyşany bolan Halk Maslahatynyň mejlisine az wagt galdy. Oňa ýokary derejede görülýän taýýarlyga mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.                                                                                                                                           

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň egsilmez gujur-gaýraty, ýadawsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde uzak geljegi nazarlaýan möhüm wezipeler durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Hökümetiniň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikdäki sazlaşykly işleriniň netijesinde özgertmeler syýasaty has-da çuňlaşdyrylýar, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köp asyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki                                  at-abraýynyň barha beýgelmegi, halkymyzyň eşretli durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.