Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinde sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Ýaşulylar geňeşiniň agzalary bilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi her ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilýär.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar.
Gahryman Arkadagymyz «Ömüriň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynyň «Giriş» bölüminde «Mähriban adamlar! Ata-babalarymyzyň «Ilim-günüm bolmasa «Aýym –Günüm dogmasyn» diýen nakylynda tükeniksiz many bar. Häzirki döwürde bu nakylyň ähmiýeti has-da ýiti duýulýar. Çünki ata – babalarymyzyň türkmençilik ýörelgelerine, durmuşynyň ýazylmadyk kadalaryna ygrarly il-halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti halklaryň bitewi ykbalyny döredýän adamkärçilik kadalarynyň binýadynda ösdi we özgerdi Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz gelejegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin», diýmek bilen her bir ynsanyň mukaddesliklere, halallyk ýörelgelere, zähmetsöýerlige, sahawatlyga, ynsanperwerlige kalbynda orun bermelidigini, nygtaýar. Ine şeýle parasatly sözler kalbyň töründe baky orun alýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiniň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip beýan edilýär. Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly ýurdumyzda her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny hukuk esaslaryny berkitmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty her bir şahsyýeti döwlet bilen jemgyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar. Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýada wekilçilik edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Hemme wekilçilikli edaralaryň demokratik esasda saýlawlylygy halk bilen bilen häkimiýetiň özara namynyň jemgyýetiň, döwletiň işini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirýändiginiň raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa aýanlyk, adalatlyly, kanunyň hökmürowanlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak adamyň we raýatyň öňündäki deňligi adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir garaýyşyny beýan etmäge mümkinçiliginiň bardygydyr «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 10-njy maddasynda Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary görkezilendir. Bu kadalara laýyklykda Halk Maslahaty esasan Konstitusiýany we Konstitusion kanunlary Kabul etmegiň olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça teklipleri şeýle hem içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryna ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar hemde makullaýar. Halk Maslahaty jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga wezipeleri çözmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýar.Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan giň möçberli wezipeleriniň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek Halk Maslahatynyň agzalarynyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Mundan başgada Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan anyk wezipelerine hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda häzirki wagtda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary taýýarlanylýar hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgemeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler geçirilýär.
Ýurdumyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki daşary ýurtlar bilen dostlukly deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda milli kanunçylyk hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek babatda taýsyz tagallalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.