Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HUSUSY PUDAK DURNUKLY ÖSÜŞE ITERGI BERÝÄR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ykdysady ösüş ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde diňe bir döwlet düzümleriniň däl, eýsem, hususy pudagyň hem mynasyp paýy bardyr. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň geçirilmegi-de muny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiler oba hojalygyndan, sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryna çenli giň ugurlarda iş alyp barýarlar. Şunuň bilen birlikde, işewürlerimiz täze ugurlary özleşdirmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Ýeňillikli karzlar, salgytlaryň azaldylmagy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak boýunça başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döredilýän şert mümkinçilikleriň netijesin­de ýurdumyzyň telekeçileri häzirki zaman usullaryny işjeň özleşdirip, önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly halkara bazarlara çykýarlar.

Telekeçiligiň ösüşi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň ýerine ýetirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde hususy pudagyň wekilleri ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagyna, ykdysady ösüşe ýardam edýän taslamalary durmuşa geçirip, alyp barýan işlerine durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýärler. Bu bolsa işewürligiň diňe bir ykdysady ösüşiň çeşmesi bolman, eýsem, ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna ýetmeginde-de möhüm hyzmatdaşa öwrülmegine ýardam edýär.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan Hususy pudagyň forumynyň netijeleri hem ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň ösüşine batly depgin berer.

Sultan ATAKIŞIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.