Halkymyzda «Dosta barýan ýol – geljege barýan ýol» diýilmesi ýönelige däl. Bu kämil filosofik garaýyş täze taryhy eýýamda öz ähmiýetini has-da artdyrýar. Parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy ýörelge edinen Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň üçtaraplaýyn sammiti taryhy ähmiýete eýe boldy. Geografik taýdan alnanda, bu doganlyk ýurtlar eziz Diýarymyzyň sag hem-de sol ganaty ýalydyr. Çünki olaryň biri başy belent daglary bilen tanalsa, beýlekisi Gyzylgum çöli hem-de sähraýy tebigaty bilen Bitarap Türkmenistana dostluk goluny uzadyp duran daragta çalymdaş. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň dowamynda taraplar ulag-logistika ulgamynda, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri ulanmak meselelerini özara maslahatlaşdylar. Şunda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi bilen baglylykda, Hazaryň kenaryndan Gara deňze we Ýewropa ulag-üstaşyr gatnawlary ýola goýmak barada pikir alşyldy. Şeýle hem sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Azerbaýjanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi, ulag, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadynda 7 sany üçtaraplaýyn resminama gol çekilmegi sammitiň uly ähmiýete eýe bolandygyny alamatlandyrdy.
Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bu gatnaşyklary täze hil derejesine çykardy. Munuň şeýledigini bu sammitiň çäklerinde gazanylan ylalaşyklardan hem aýdyň görmek bolýar. Hazaryň kenary ýene-de toý lybasyna beslendi. Üç döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäreler milli däplerimiziň älem içre ýaň salýandygyny äşgär etdi. Sammitiň çäklerinde geçirilen medeni çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlary dabara gatnaşan hormatly myhmanlaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. At debredip toý tutmak halkymyzyň milli däbi. Bu asylly ýörelge doganlyk döwletleriň sammitine ýakym-ýaraşyk bagyşlady. Dost didary dogan didary deýin mährem hem-de juda eziz. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine «Tawus» atly ahalteke bedewiň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine köşekli arwana düýesiniň gowşurylmagy çäreleriň milli ruhuny baýlaşdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewiniň adynyň «Türkmenistan Azerbaýjan we Uzbekistan sagbolsun» diýen çuňňur manyly sözlerden ugur alnyp, «Tawus» dakylandygy aýratyn buýsançlydyr. Haçan-da kalbyň dost ýylysyna çoýunanda kalba hem-de sere ymgyr manyly setirler dolýar. Bu bedewiň adynyň hem şeýle ýakymly, ýaraşykly duýgulardan gözbaş alandygyny şol pursatlary teleýaýlymlarda synlan mahalymyz aýdyň görmek boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalara baý bolan taryhy seneleriniň hatarynyň artmagynda bu möhüm ähmiýetli sammitiň orny örän uly boldy. Dünýä dostluk goluny uzadyp, halklary parahatçylyga, ynanyşmaga çagyrýan beýik taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.