Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli demokratiýanyň dabaralanmagy halk bilen döwletiň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygyň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan gözbaş alýan tutumly işler täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda şanly ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça bagly meselelere garaldy şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine hem-de şanly ýylda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk barada durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda taryhy çykyş edip, öňde durýan möhüm wezipeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş meselelerini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.
Halk bilen maslahatlaşmak, halka sala salmak pederlerden miras galan ýol-ýörelgämizdir. Il içinde «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeş il – ýeňişli il» ýaly parasatly pikirler ata-babalarymyzyň her bir işi halk bilen maslahatlaşyp, arkalaşyp çözendigini aýdyň görkezýär. Halk demokratiýasynyň täze taryhy eýýamda dabaralanýandygyny Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň dowamynda ýene bir öwre aýdyň görmek boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzda geçirmek bellenildi. Şeýle hem maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, öňde boljak ählihalk forumynyň dowamynda dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, degişli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde serediljek meseleler boýunça anyk teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň döwlet derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.
Demokratik däplere daýanýan berkarar döwletimiziň Esasy Kanunynda adam döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasy diýlip bellenilendir. Adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşly döwründe ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek nobatdaky mejlisi hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 – 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2028-nji ýyla çenli maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işlerden gözbaş alýar. Halk hakyndaky döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenende ýurt berkarar bolup, döwür galkynýar. Döwür galkynsa, il-ýurt Hakdan ýalkanýar. Bu beýik kämil garaýyşlar we başlangyçlar ady dünýä dolan Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt başlangyçlary bolsa il-halkymyzyň dilinde sena, kalbynda buýsanja öwrüldi.
Parahat ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmekleri, Ata Watanymyza mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli döwrebap şertleri döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri diňe üstünliklere beslensin.
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.