«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşdy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynydyr wekillerini Diýarymyzda jemläp, dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
Forumyň giň wekilçiligi, ýokary guramaçylyk derejesi we hyzmatdaşlyk üçin aňrybaş şertleriň döredilendigi barada oňa gatnaşan myhmanlar ýörite bellediler. Maslahat halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa, işewürlik ýaly ugurlardaky möhüm meselelerini öz içine alyp, onuň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň anyk maksatlarynydyr çärelerini özünde jemleýän gün tertibi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
BMG-niň Awazadaky maslahatynda kabul edilen çözgütler diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin däl, eýsem, bütin dünýäniň ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir. Her ýylyň 6-njy awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününi bellemek bilen bagly BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň kabul edilmegi hem degişli döwletleriň halkara gatnaşyklardaky ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.
Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ösüş hereketine doly derejede gatnaşmagyna şert döredýän geljegi uly meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam eder. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi umumy jogapkärçiligi, ýurtlaryň hem-de halkara maliýe düzümleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Maksatnama arabaglanyşygy gowulandyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin ygtybarly meýdança bolmaga gönükdirilendir. Maslahatyň özi bolsa durnukly ösüşe uzaýan ýolda gurluş päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge çalyşýan 32 ýurt üçin aýgytlaýjy waka boldy.
BMG-niň Awaza forumynyň çäklerinde ýörite serginiň ýaýbaňlandyrylmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetleriniň ösüşine toplumlaýyn çemeleşmäniň beýany boldy. Ondaky sergi pawilýonlarynyň 25-sinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kuwwatlyklary tanyşdyryldy. Bu bolsa ýurtlaryň arasynda köpugurly dialogy ilerletmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, özara bähbitli täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin şertleri döretdi.
Wekilçilikli maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasynda foruma gatnaşyjylar özleriniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin on ýyla niýetlenen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge berk ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Awazada geçirilen forum halklaryň durnukly ösüşe we hemmeler üçin nurana geljegi nazarlaýan umumy tagallalaryň daşyna jebisleşen halatynda parahatçylyk we ynanyşmak, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilip bilinjekdigini tassyklaýar.
Baýrammyrat AMANMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary.