BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda hususy kärhanalaryň we işewürleriň öndüren ýokary hilli önümleriniň sergisiniň guralmagy döwletimiziň önümçilik we ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýdy. Bu forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek arkaly, söwda-haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bilen bagly bolup, geçirilen çäreler tejribeleri alyşmakda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmekde ähmiýetli meýdança öwrüldi. Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, şeýle-de kiçi ada döwletleri goldamakda, olara ýakyndan ýardam bermekde tagallalary birleşdirmek, ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini ara alyp maslahatlaşmak, netijeli çözgüdi tapmak ýaly maksatlardan ugur alýar.
2024-nji ýylyn 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem şeýle maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Bu Konwensiýa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üstaşyr söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek bilen, onda deňiz portundan peýdalanmaga hem-de deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilýändigi nygtalýar. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygaryna esaslanyp geçirilen çäre ynsanperwer häsiýetleri, raýdaşlyk, arkalaşykly ýaşamak, hemaýata mätäji goldamak ýörelgelerini dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, umumadamzat durmuşyna dahylly täze başlangyçlara hem özboluşly badalga boldy.
Goý, Diýarymyzy gülledýän, telekeçiligi goldaýan, halkymyzyň bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin!
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.