Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWAZA-TARYHY ÇÖZGÜTLERIŇ MEKANY

Şu günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm halkara merkezine öwrülýär, bu ýerde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu möhüm waka, ýokary derejeli myhmanlary: döwlet ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, diplomatlary we dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenleri, durnukly ösüşiň, ulag-aragatnaşygynyň we şeýle döwletleriň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin birleşdiler.

 Maslahatyň esasy maksady — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady, ulag, energetika we ekologik mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň halkara söwda ulgamyna doly gatnaşmagyny üpjün etmekdedir. Bu ýurtlar geografik taýdan deňze çykalgasynyň bolmazlygy sebäpli halkara bazarlara çykmakda kynçylyk çekýärler. Şonuň üçin forumda bu meseleleriň çözgütleri, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we halkara guramalarynyň goldawy bilen amala aşyryljak taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar. 

        Türkmen kenarynyň merjeni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, çärä gatnaşyjylary iň ýokary derejede garşyladylar. Bu maslahat diňe bir möhüm gepleşikler üçin meýdança bolman, eýsem Türkmenistanyň durnukly ösüşi, halkara hyzmatdaşlygy we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak babatynda gazananlaryny dünýä görkezmek üçin aýratyn mümkinçilik bolýar.

      BMG-nyň howandarlygynda şeýle giň gerimli we wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi, Türkmenistan döwletimiz üçin uly üstünlikleriň biri we halkara derejesindäki ornunyň aýdyň tassyklanmasy. Bu waka, ýurduň bitaraplyk syýasatyna, gepleşiklere we halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny nygtaýar.

Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ulag gatnawlaryny ösdürmek we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi güýçlendirmek üçin yzygiderli çykyş edýär.

    Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler, az derejede ösen  hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

      Parlament forumy «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» ady bilen geçirilýär. Ol «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, hereketleriň meýilnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» ýaly 4 ugur boýunça mowzuklaýyn mejlisler hem ýokary derejede geçirildi.

      Forumyň netijeleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri bilen utgaşyklylykda halkara derejedäki syýasy resminama hökmünde kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda öz beýanyny tapar.

        Bu geçirilýän forum baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna aýratyn ýaraşyk, taryhy dereje berer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligine öwrüler. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň barha ilerleýändigini, işjeň­leşýändigini ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýüpek ýaly ýumşak, polat ýaly berk syýasat bolmak bilen, döwrüň synagyndan geçen işjeň we döredijilikli taglymatdygyny ýene bir gaýta tassyk eder. Biziň ýurdumyzda syýasy forumlaryň, halkara maslahatlaryň köpugurly çäreler bilen utgaşdyrylyp, baýramçylyk ruhunda geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Geçirilýän forumlar goý Türkmen halkymyza şeýle-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere haýyrly bähbitli netijelere ýetirsin, Goý, türkmen döwletiniň hemişe haýryň, ýagşy işiň tarapyndadygyna dünýä ýüzi ýene bir gezek şaýat bolsun! Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şular ýaly il-ýurt bähbitli işleri üçin köp köp sagbolsunlar aýdýarys Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.