Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALKARA HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRYLÝAR

Hususy pudagyň işini kämilleşdirmek ugrunda

Awgust aýynyň 5-6-sy günleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, BMG-niň az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti, BMG-niň Ählumumy şertnamasy, Ýewropanyň Maýa goýum banky, Ählumumy hyzmatdaşlyk forumy, Halkara söwda merkezi, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine DÇBÖBD-de söwdany we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, sanly özgeriş, maliýeleşdirmek we maýa goýumlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Foruma gatnaşyjylar deňze çykalganyň bolmazlygynyň söwdany ösdürmek üçin päsgelçilik döredýändigine, ýöne hususy pudagyň bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak işine işjeň gatnaşmagynyň bu päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine, beýan edilen teklipleriň bolsa bu ýurtlarda durnukly ösüşi mundan beýläk-de üpjün etmek ugrundaky tagallalar üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdiler. 6-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüş mümkinçiliklerine, maliýeleşdirmäge we maýa goýumlara hem-de sanly ösüşe bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisler geçirildi.

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.

 

 

 

Täzeçe şertlere giň mümkinçilikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty ýeňişlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Indi Türkmenistan halkara ähmiýetli maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4—8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat hem ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge ykjam taýýarlyk görüldi. Bu foruma dünýäniň onlarça döwletlerinden wekiller gatnaşyp, ol şanly ýylymyzyň taryhy wakasy bolar. Maslahatyň barşynda ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmegiň, sebitara we yklymara ykdysady-söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem maslahatda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu halkara forumy Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge täze mümkinçilikleri açar.

Myratgeldi ANNAÖWEZOW, Türkmenistanyň Senagatýylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.

TSTP