Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlary bilen bir hatarda, ykdysady ösüş ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde diňe bir döwlet başlangyçlary däl, eýsem, hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Hut şoňa görä-de, 4 — 8-nji awgust aralygynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumy geçirilip, telekeçileriň ornuna aýratyn üns berildi.
Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hususy pudagyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam etdi. Ýurdumyzda telekeçilik işi oba hojalygyndan, sarp ediş harytlarynyň önümçiliginden başlap, hyzmatlar, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryna çenli giň ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen birlikde işewürlerimiz täze ugurlary özleşdirmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Ýeňillikli karzlar, salgytlaryň azaldylmagy, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak boýunça başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döredilýän şert-mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri häzirki zaman usullaryny işjeň özleşdirip, önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly halkara bazarlara çykýarlar. Munuň özi milli işewürleriň üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, dünýä ykdysadyýetinde özleriniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ukyplydyklaryny görkezýär.
Telekeçiligiň ösüşi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň ýerine ýetirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde hususy pudagyň wekilleri ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagy, jemgyýetçilik jogapkärçiligi, ykdysady ösüşe ýardam edýän taslamalary durmuşa geçirip, alyp barýan işlerine durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýärler. Bu bolsa işewürligiň diňe bir ykdysady ösüşiň çeşmesi bolman, eýsem, ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna ýetmeginde-de möhüm hyzmatdaşa öwrülmegine ýardam edýär.
BMG-niň goldamagynda guralýan halkara sergilere, forumlara we täjirçilik maksatly saparlara türkmen kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy olara dünýäniň ähli ýerinden mümkinçiligi uly hyzmatdaşlardyr maýadarlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi eksport edilýän harytlaryň geriminiň giňeldilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna amatly şert döredýär.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralan hususy pudagyň forumy hem ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň dünýäniň üpjünçilik ulgamyna goşulyşmagy üçin ajaýyp meýdança bolup hyzmat etdi. Degişli ýurtlarda telekeçilik işiniň möhüm ähmiýetine göz ýetirmek bilen, forumyň guramaçylary geografik ýerleşiş bilen bagly kynçylyklary ýeňip geçmekde onuň ähmiýetli ornuna üns berdiler. Maslahatyň çäklerinde telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen mejlislerdir çäreler guraldy. Olar türkmen telekeçilerine öz taslamalaryny tanyşdyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.
Sanlylaşdyrmak, hususy pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak forumda üns çekilen ugurlaryň hatarynda boldy. Çünki deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek üçin täze ýollary gözleýärler. Bu işde sanly çözgütler esasy gurallaryň biri bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň hususy pudagy häzirki wagtda bu ulgamda uly üstünlikleri gazanýar. Şunlukda, olaryň toplan tejribesi maslahatyň beýleki gatnaşyjylary üçin hem peýdaly boldy.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde hususy pudagyň forumynyň hem geçirilmegi ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösüşiniň senenamasynda-da möhüm waka öwrülip, pudagyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny düýpli pugtalandyrar.
Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.