Düýn sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň çäginden geçýän durky täzelenen Gökdepe şaýoly we täze gurlan Keýmir kör şaýoly hem-de olaryň çatrygynda ýerleşýän täze köpriniň açylyş dabarasy boldy. Bu Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň guwandyryjy işleriniň biridir. Şaýollaryň, köpriniň gurluşygyny ýerli hünärmenlerimiziň ýerine ýetirmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda türkmen telekeçilerine giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýakynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda köpzolakly köpriniň gurluşygyny ýerli telekeçileriň amala aşyrandyklaryny belläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawyndan netijeli peýdalanyp, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we olaryň bu babatda baý tejribe toplaýandyklaryny aýratyn nygtady.
Dogrudan-da, häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçileriň kämil nesli kemala geldi. Biziň ýerli potratçylarymyz binadyr desgalary, ýoldur-köprüleri gurmakda baý tejribe topladylar. Gökdepe şaýoly bilen Arkadag şäheriniň Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerindäki uzynlygy 627 metr we ini 29,5 metr bolan hem-de 14 sany sütünden ybarat awtoulaglar üçin niýetlenen köpri hem onuň mysaly. Köpriniň aşagynda awtoulaglaryň bökdençsiz hereketi göz öňünde tutulyp aýlaw ýoly ýerleşdirilen. Bu köpri häzirki zaman elektrik enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, haşam ýol germewleri bilen bezelen. Mundan başga-da Oguz hanyň keşbi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewine atlanyp asuda, Bitarap Watanymyzy synlap duran keşbi ýerleşdirilendir.
Bu gün häzirki zaman dünýäsini tehnikasyz, ulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin-de, berkarar ýurdumyzy ýokary derejeli ýoldur köprüleriň bezeýändigini aýtmagymyz zerur. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyz Aşgabatda, dünýä nusgalyk Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda, etraplardaky şäherlerimizde, şäherçelerimizde, obalarymyzda täze-täze ýollaryň, köprüleriň gurlup ulanmaga berilmegi we öň bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi has-da bellärliklidir. Bu gurulýan awtomobil ýollary we olaryň ugrunda duş gelýän köprüler döwrüň häzirki zaman tehnikalarynyň hyzmat etmegi bilen inženerçilik usulynda gurulýar. Bu gurulýan ýoldur köprüleriň millilik äheňinde bezelmegi we kämil yşyklandyryş çyralary bilen üpjün edilmegi bolsa olaryň gözelligine görk goşýar.
Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.