Türkmen halkynda köpri gurup, ýol çekmek sogap iş hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle sogap işler, merdana ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň çägindäki ýol-ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, iň häzirki zaman inženerçilik çözgütlerine daýanýan desgalar gurulýar. Muňa 30-njy iýulda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasynyň ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 26-njy iýulda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda bu döwrebap ýol-ulag desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagyna ak pata berdi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz ýurdumyzda tutumly toýlaryň dabarasynyň belentden tutulýandygyny belläp, ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Çünki türkmen halky bina galdyrmak, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly sogap işlere aýratyn gadyr goýýar. Şoňa görä-de, bu dabara şatlykly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýedi ýer» hojalyk jemgyýetiniň öz işine ökde işçi hünärmenleri tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilen bu köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deňdir. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar döredilipdir.
Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň beýikligi 9 metre barabardyr. Onuň düýp binýadynda «Sähra gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan öndürilen, ýokary hilli demirbeton gazyklarynyň 1 müň 440-sy, şeýle-de köpriniň depesinde 132 sany demirbeton kirşi ulanyldy. 14 sany berk sütünden ybarat köpriniň häzirki zaman elektrik enjamlary bilen üpjün edilmegi, owadan hem berdaşly germewler bilen bezelmegi, daş-töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi onuň göze gelüwli, döwrebap keşbini emele getirdi. Köpriniň üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlupdyr.
«Akylly» şähere barýan ýoluň gurluşygynda häzirki zamanyň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylyp, sanly tehnologiýalar işjeň utgaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzdaky gurluşyklaryň, gurulýan ýollaryň, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, hil we uzak möhletleýinlik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagalla edilýändigini görkezýär.
Ulag-kommunikasiýa toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegini emele getirýär. Ähli görkezijiler babatda ýokary hilli gurulýan awtomobil ýollary ýük we ýolagçy gatnatmak hyzmatyny amala aşyrmakda wajyp orny eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň döwrebap üst aşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, tutuş sebit ösüşinede kuwwatly itergi berýär. Çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini hasda pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022—2025 nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam eden dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli wakalara, uly zähmet üstünliklerine beslenýändigi bellenildi. Çykyş edenler Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň ähli görkezijiler babatda häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigine ünsi çekdiler. Asudalygyň aýdyň nyşany bolan ak kepderileriň we howa şarlarynyň asmana uçurylmagy bilen, döwrebap köpriniň toý bagy kesildi. Munuň özi dabaranyň iň ýatda galyjy pursatlary boldy.
Häzirki wagtda şaýollaryň, köprüleriň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda sogap işleriň dabaralanýandygyny görkezýär. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Döwrebap köpri bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplary esasynda Keýmir kör şaýoly hem guruldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklaryň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäherde ýene bir bagtyýar maşgalanyň dörändigini alamatlandyrýan gelnalyjy kerweni nurana ýollara rowana boldy. Bu bolsa Diýarymyzda ýagşy işleriň dowamata atarylýandygyny, olaryň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrdy.
Döwrebap desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar täze ýollarda herekete başlan ulaglary ýagşy arzuwlar bilen ak ýollara atardylar. Olar häzirki döwürde ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýeti bolan giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Şol pursatlarda Gökdepe şaýolunyň ugrunda açylan täze köpriniň ýollary bilen geçip barýan bezegli ulaglar Arkadag şäherinde täze bäbegiň dünýä inendigini äşgär etdi. Bu wakalar halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, nesilleriň sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladalaryň miwesidir.
Şaýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu desgalaryň Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi gurluşykçy telekeçileriň öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyplydyklaryny we olaryň bu ugurdan baý tejribe toplandyklaryny görkezýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli işlemekleri ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, täze gurlan döwrebap köpriniň aşaky gatynyň diwarlarynda ýerleşdirilen şekiller bu köpriniň diňe ýollary däl, eýsem, geçmiş bilen geljegi hem täsirli birleşdirendigini görkezýär. Şeýle hem ýollaryň ugrunda sürüjilerdir ýolagçylar üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Täze ýol-ulag desgasynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman görkezijilere laýyk derejede guralmagy, olarda täzeçil tehnologiýalaryň we döwrebap usullaryň ulanylmagy bu künjegiň gijeki görnüşleriniň has-da gözel bolmagyny şertlendirýär. Älemgoşar öwüşginli yşyklar Arkadag şäheriniň nurana agşamlarynda ähli ajaýyplyklary bilen ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi taslama taýýarlaýjylaryň we gurluşykçylaryň sazlaşykly işiniň aýdyň netijesidir.
Umuman, Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän täze ulag logistika desgalarynyň açylmagy bu künjekde ýol ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün eder. Sebitde deňi taýy bolmadyk Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasynyň ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilmegi bolsa şanly senelere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň köňüllere şatlyk paýlan ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.