Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

SOGAPLY IŞLERIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Berkarar Watanymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini, ýolagçylaryň we ýükleriň howpsuz daşalmagyny üpjün etmek üçin ýol-ulag düzümleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurulýan awtomobil ýollary we olaryň ugrundaky köprüler iň häzirki zaman talaplara laýyk gelip, milli äheňlerde bezelýär, döwrebap yşyklandyryş çyralary bilen üpjün edilýär. 30-njy iýulda Arkadag şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan täze şaýol we döwrebap köpri hem gözelligiň we berkligiň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz ýakynda Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde döwrebap ýol-ulag desgasy bilen tanşyp, ony sähetli günde açmaga ak pata berdi.

Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpri ýurdumyzyň telekeçileri, has takygy «Ýedi ýer» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Desganyň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deňdir. Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň beýikligi 9 metre barabardyr. Köpriniň üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlandyr. Onuň her tarapynda ýanýodalar gurlup, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Täze desgalaryň Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi gurluşykçy telekeçileriň öňlerinde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmäge ukyplydyklaryny we olaryň bu ugurdan baý tejribe toplandyklaryny görkezýär.

Täze ýol-ulag desgasynyň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan açylyş dabarasynda asudalygyň aýdyň nyşany bolan ak kepderileriň we howa şarlarynyň asmana uçurylmagy, medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, gelnalyjy ulaglarynyň geçmegi bagtyýar zamanamyzyň belent ruhuny äşgär edýär. Güniň ikinji ýarymynda şatlykly waka mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda gülläp ösýän döwrümizi wasp edýän çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň asuda hem parahat durmuşy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýol çekmek, köpri gurmak ýaly sogaply işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky belent tagallalaryň aýdyň nyşanydyr.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.