Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri dost-doganlyk gatnaşyklary, şol sanda iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Muňa ýakynda geçiriljek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny doly şaýatlyk edýär.
Bu babatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna aýratyn ýaraşyk, taryhy dereje berer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligine öwrüler. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň barha ilerleýändigini, işjeňleşýändigini ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar.
Halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär. Şeýle-de, bu maslahatyň innowasion çözgütleriň öňe sürülmeginiň, strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilip, maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň bar bolan meseleleri çözmäge, täze mümkinçilikleri açmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça her 10 ýyldan bir gezek guraýan nobatdaky maslahaty ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan meselelere ünsi çekmäge, anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berer.
Guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda nygtalyşy ýaly, geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Şolaryň hatarynda halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralary hem-de plenar mejlisleri; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar» (5 sany) bar. Ýokary derejedäki 7 sany forum bolsa Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, parlament, hususy pudak, raýat jemgyýeti, ýaşlar, zenanlar, arabaglanyşyk ýaly ugurlarda pikir hem tejribe alyşmalar üçin netijeli meýdançany emele getirer. Maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreler, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çäreleri; tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergileri forumyň ähmiýetini has-da artdyrar. Munuň özi bu halkara maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we onuň oňyn çözgütleri foruma gatnaşyjy döwletleriň ykdysady ösüşine uly täsir eder. Munuň özi halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary, işjeň hyzmatdaşlyklary has-da pugtalandyrar.
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýyny belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.