Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWAZA FORUMY – RÖWŞEN GELJEGIŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da beýge galýan ajaýyp ýyllarynyň birine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek bilen, halklaryň dost-doganlygyny, jebisligini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasy halkara gatnaşyklarynda esasy ýörelgä öwrüldi. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 5-8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Häzirki wagtda Hazaryň ajaýyp kenaryndaky syýahatçylyk merjeninde bu iri halkara foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji Maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu iri halkara maslahatyny guramaçylykly geçirmek bellenildi. Karardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-nji iýulynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda bu ýerde taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly maslahatyň maksatnamasy giň möçberli birnäçe çäreleri öz içine alýar. Oňa laýyklykda, şu ýylyň 5-nji awgustyndan başlap 8-nji awgusta çenli her gün günüň birinji we ikinji ýarymynda jemi 8 sany plenar mejlisiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Maslahatyň çäklerinde jemi 7 sany ýokary derejedäki forumlaryň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda hususy pudagyň forumynyň geçiriljekdigini aýratyn buýsanç bilen belläp geçmelidiris. Bilşimiz ýaly, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň maslahaty halkara we sebit ähmiýetli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýokarlandyrmaga ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda hususy pudagyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär. Maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň forumynda dünýä döwletleri bilen telekeçilik işlerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary maslahatlaşylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryny dikeldýär. Şeýlelikde söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Dünýä ykdysadyýetinde ýükleriň daşalyşynyň 60-70 göterimi deňiz üsti bilen amala aşyrylýar. Şunlukda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hususy pudagyň önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny aýdyň görkezer. Şeýle hem bu işler özara terjibe alyşmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmeginde bu halkara maslahatynda kabul ediljek jemleýji resminamanyň ähmiýeti örän uly bolar. 

Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýy ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Hususy telekeçiler ýeňillikli berilýän karz serişdeleriniň hasabyna dürli önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Bu önümler üçin esasy çig malyň öz ýurdumyzda öndürilmegi önümiň özüne düşýän bahasynyň ep-esli azalmagyna ýardam edýär. Bu bolsa amatly baha ýagdaýyny emele gelmegini üpjün edýär.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen birnäçe wezipeler kesgitlenildi. Oňa laýyklykda, häzirki wagtda hususy pudagy ösdürmek boýunça maksatnamalýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine we önümçilik sanly tehnologiýalar esasynda amala aşyrylmagyna şert döredýär. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň öndürilmegine ýardam edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek resminamalar özara haryt dolanşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna we bu ugurda amatly şertleriň döredilmegine giň ýol açar. Biz hem pursatdan peýdalanyp, Hazaryň türkmen kenarynda ajaýyp toý ruhunda geçiriljek halkara maslahatyň işine üstünlikleri arzuw edýäris. Halkymyzyň bagtyýarlygy, dünýäniň parahatlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Şirin HAÝTJANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň baş hasapçysy.