Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWAZA FORUMY — ÖSÜŞIŇ HEM-DE HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇIŞLIGI

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gülläp ösýän Diýarymyzyň gözel künjeginde Awazada ýene sanlyja günden, 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edilip, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt kabul edildi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän forum BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Möhüm çäreleriň birnäçesini öz içine alýan maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi ýurdumyzyň bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlaryna halkara giňişlikde uly hormat goýulýandygyny görkezýär.

Şeýle iri forumy ýokary derejede guramak örän uly jogapkärçiligi, tutanýerli hem-de yhlasly zähmeti talap edýär. Şoňa görä-de, oňa taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Onuň gün tertibine häzirki zaman döwletara we halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar — ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Forumyň esasy maksady bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi dünýä derejesinde halkara gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.

Giň gerimli maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň guralmagy durmuş-ykdysady ösüşde işewürligiň ähmiýetini görkezýär. Häzirki döwürde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda hususy pudak ykdysady ösüşi işjeňleşdirmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda, önümçiligi kämilleşdirmekde we eksporty artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýurtlaryň köpüsi oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we olardan ýokary hilli önümleri öndürmekde, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary özleşdirmekde, gaýtadan işleýän senagaty ilerletmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Hususy pudagyň ösdürilmegine goýberilýän maýa goýumlar bu ugurlarda işleri has netijeli ýola goýmaga ýardam edýär. Içerki bazarda ýokary hilli önümleriň bolçulygynyň döredilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Daşary ýurtlara eksport edilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberiniň artmagy bolsa döwletiň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna itergi berýär.

Hususy kärhanalar önümçilige we hyzmatlar ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalary has işjeň ornaşdyryp, tutuş ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna goşant goşýar. Bäsdeşlik göreşi ilatyň sarp edýän harytlarynyň görnüşleriniň artmagyny, olaryň görnüşleriniň köpelmegini şertlendirýär.

Ýurduň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmeginde, ýagny ýollaryň, aragatnaşyk we energetika desgalarynyň gurulmagynda we döwrebaplaşdyrylmagynda hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Şeýle taslamalar diňe bir döwlet býujetinden goýberilýän serişdeleriň däl-de, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna-da amala aşyrylýar.

Işewürligiň ösmegi döwletiň bu ugurdaky oňyn syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň oýlanyşykly amala aşyrylmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda işewürligiň ösmegi üçin möhüm şert bolup durýar. Bu babatda döwletiň paýyna işewür düzümleriň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmegi üçin kanunçylyk esasynda amatly şertleri kemala getirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, häzirki zaman ulag-logistika düzümlerini döretmek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin maliýe goldawyny bermek,  şeýle hem innowasion kärhanalarda zähmet çekmek üçin ýokary hilli hünärmenleri, işçi güýjüni taýýarlamak ýaly wezipeler düşýär.

Eziz Diýarymyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi dünýä ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkidip, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berer.

Goý, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda döwletli tutumlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.