Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEGIŇ YLMY ESASLARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna aýratyn uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi bagtyýar ýaşlar bilen birlikde, hususy telekeçileriň hem buýsanjyny, şatlygyny goşalandyrdy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Täze hünärleriň açylmagy, dürli ugurly ýokary okuw jaýlarynyň döredilmegi ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagy babatynda döredilýän amatly şertleriň biridir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen hususy pudagyň işi täze belentliklere çykdy. Milli Liderimiziň öňde goýan belent wezipelerini we hemaýat-goldawlaryny ýakyndan duýýan telekeçiler öz işlerini döwrüň talabyna laýyk gurap, belent sepgitleri eýelediler. Hususy telekeçilik babatynda ýurdumyzda uly tejribe toplandy.  

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi bazar ykdysadyýeti şertlerine geçilýän döwürde aýratyn ähmiýetlidir. Ýaşlaryň bazar gatnaşyklarynyň we telekeçiligiň ylmy esaslaryny hünär derejesi hökmünde ele almagy täze ýeňişlere we belent sepgitlere badalga bolar. Innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşýan taryhy döwründe bäsdeşlige ukyply hususy pudagyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurtlarynda bazar gatnaşyklary şertlerinde işlenilýär. Bu bolsa ilatyň dürli önümlere bolan islegini, talabyny ödemekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebine giriş synaglary dowam edýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň Tertibine laýyklykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 sany talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar. Kalby buýsançly bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesi şanly ýylda täze açyljak bu ýokary okuw mekdebine özleriniň resminamalaryny höwes bilen tabşyrdylar. Telekeçilik işiniň ylmy esaslaryny has-da çuňlaşdyryp öwretmekde, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda hem-de täze hünärleriň açylmagynda bu ýokary okuw mekdebiniň ähmiýeti örän uly bolar. 

Türkmen telekeçileri üçin buýsançly wakalaryň birine öwrülen bu ajaýyp pursatlar geljekde hususy pudagyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine ýardam eder. Halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin täze döwrebap ýokary okuw mekdebini döredip berendigi üçin telekeçiler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri diňe üstünliklere beslensin! 

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.