Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK BARHA ÖSDÜRILÝÄR

Bu gün Türkmenistan Watanymyz diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hoşniýetlilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, durnukly ösüşe goşant goşmakda we parahatçylygy döretmekde öňdebaryjy döwletleriň hatarynda çykyş edýär. Häzirki wagtda Diýarymyz, hususan-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu günler Hazaryň türkmen kenarynda dünýä ähmiýetli çärä — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Şunda, esasan, guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň esasy maksady hem şundan ybaratdyr. Olaryň ilkinjisi 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda, ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda Awstriýada geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dialog medeniýetine esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha ösdürmäge gönükdirilen netijeli meýdança bolup hyzmat eder. 

Şular ýaly uly we ähmiýetli çäräniň ata Watanymyzda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, sebitara parahatçylygy, ykdysady ösüşi we durnuklylygy üpjün etmek boýunça jogapkärçilikli orny eýeleýändigini görkezýär. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysady taýdan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan isleginiň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň biri boljak forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady ösüşini, durnuklylygyny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze strategiýalary we çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakdyr. 

Bu forum dünýä ýurtlarynyň arasynda ulag geçelgeleriniň, şol sanda energetika hyzmatdaşlygynyň we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly itergi berer. Mundan başga-da, bu çäre global ösüş maksatlaryna laýyklykda, durnukly ösüş, energetika, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty diňe bir döwletler derejesindäki hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, hususy işewürlik boýunça gatnaşyklaryň hem täze sahypasyny açýan halkara çäre hökmünde taryha girer. 

Şeýlelikde, halkara derejedäki pikir alyşmalar diňe syýasy-diplomatik çäk bilen çäklenmän, ykdysady gatnaşyklaryň ähli taraplaryny — söwda, logistika, önümçilik, maýa goýum we hyzmat ulgamlaryny öz içine alar. Bu çäreler milli we halkara işewürler üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugruny kesgitlemäge esas berer. Şu nukdaýnazardan, Awazada geçiriljek forum ýurdumyzyň işewürleri üçin özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikdir. 

Türkmenistanyň telekeçilik syýasatynda soňky ýyllarda hususy ulgamy ösdürmek, eksporta gönükdirilen önümçilikleri goldamak, tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurt maýalaryna açyk bolmak ýaly ugurlar ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Awazada geçirilýän foruma türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşmagy olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegini, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin pikir alyşmagyny, halkara bazara çykmak mümkinçiligini üpjün eder. Sebäbi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri-de daşary söwdany giňeltmek hem-de eksporty artdyrmak meselelerinde jemlenip, olaryň ählisi bu forumda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. 

Telekeçileriň halkara pikir alyşmalara goşulmagy diňe bir haryt söwdasyny däl, eýsem, bilimi, tejribäni, tehnologiýany, ykdysady ösüşiň nusgalaryny paýlaşmaga mümkinçilik berer. 

Jemläp aýdanyňda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülmegi, onuň diňe bir syýahatçylyk merkezi däl-de, eýsem, strategik hyzmatdaşlygyň, diplomatiýanyň we durnuklylygyň özenidigini görkezýär.

Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.