Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan döwründe, abadan ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň şatlygy şatlyklara beslenýär. Diýarymyzda BMG-y tarapyndan atlandyrylan 2025-nji ýylyň adyndaky «halkara» sözüne laýyklykda dünýä derejesinde möhüm çäreleriň, forumlaryň geçirilmegi hem şu ýylymyza şan berýän wakalaryň nyşanydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýan, jebisleşdirýän bu geçirilýän çäreler, wakalar diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem dünýä ýüzünde hem dabaralandyrylýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Ählimize belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda iş sapary döwründe guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Geçirilen halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlary milli myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda garşylamaga, olaryň maslahata gatnaşýan döwründe boljak myhmanhanalarynyň bezeg aýratynlygy hem-de köçelerdir binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça hem Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän halkara forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigi barada degişli tabşyryklary we öwüt-nesihatlaryny berdi. Bu bolsa halkymyzyň ähli başy başlanan işiniň ulynyň maslahatyna eýerip, agzybirlikde ýetilýändiginiň alamatydyr.
Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty her on ýylda bir gezek geçirilýär. Bu halkara maslahatyň birinjisi 2003-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-na, Gazagystan respublikasynyň Almaty şäherinde, ikinji maslahaty bolsa, 2014-nji ýylyň 3-nji we 5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilipdi.
Ýurdumyzyň iň bir owadan künjegi bolan Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň 5-nji awgustda forumyň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara maslahatyň çäklerinde Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, arabaglanyşyk çäresini, zenan ýolbaşçylaryň forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, tematik sergileri we beýleki ugurdaş çäreleriň birnäçesi ýokary guramaçylykly geçiriler. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly degişli işler hem yzygiderli alnyp barylýar.
Bu halkara maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň gurnamagynda ýokary derejedäki «tegelek stollary» geçirmek hem meýilleşdirilýär. Olarda boljak gürrüňdeşlikler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň gülläp ösmeginde düzümleýin özgerişleriň, diwersifikasiýanyň, ylmyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ähmiýetine, söwda we sebitara hyzmatdaşlyga, howanyň üýtgemeginiň hem-de tebigy hadysalaryň ýaramaz netijelerine garşy göreşmegiň ýollaryna, durnukly ulag ulgamlarynyň döredilmegine, mümkinçilikleriň işjeňleşdirilmegine we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanar. Bu bolsa döwlet syýasatyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda alyp barýan abadan ýurdumyzyň şan-şöhratynyň ýene bir gezek dabaralanmagynyň nyşanydyr.
Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň, şol sanda döwletara gatnaşyklar, söwda-senagat ugurlarynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekgi ösüşiniň mizemez girewi hökmünde hyzmat edýär.
Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.