Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWAZA FORUMY: PARAHATÇYLYK WE DOST DOGANLYK

Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewiliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 4-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekdi. Bilşimiz ýaly, gürrüňi edilýän halkara maslahaty Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyna mynasyp ýagdaýda geçirmek ugrundaky tagallalar has irräk başlapdy. Şu ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul edip, duşuşykda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmäge degişli işler barada pikir alşylypdy.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Resminama laýyklykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 — 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar. Bu maslahaty döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçirmek karar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dürli forumlary, şol sanda parlamentara forumy geçirilmek hem meýilleşdirilýär. Halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň (lldc3.gov.tm) işe girizilendigini-de bellemelidiris.

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Munuň özi dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletler üçin has-da wajyp. Şeýle meseleler bilen baglanyşykly halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin 2001-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ýöriteleşdirilen edara (UN-OHRLLS) döredildi we oňa BMG-niň Ýokary wekili ýolbaşçylyk edýär. Bu halkara düzüm az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary hem-de kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, dünýäde 44 döwlet az derejede ösen, 32 döwlet deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, 39 döwlet bolsa kiçi ada döwletleri hasap edilýär. Gürrüňi edilýän düzümiň çäklerinde 2023-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň az derejede ösen ýurtlar boýunça bäşinji halkara maslahaty (LDC5) geçirildi. 2024-nji ýylyň maýynda bolsa Antigua we Barbuda döwletinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüp barýan kiçi ada döwletleriniň dördünji halkara maslahaty (SIDS4) bolup geçdi. 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçiriler. Ýeri gelende, 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografik ýerleşişiniň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigini bellemek zerur.

2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. BMG-niň 1965-nji ýylyň 8-nji iýulynda kabul eden Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýasy bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Konwensiýada deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere özara ylalaşyk esasynda deňiz portundan peýdalanmaga we deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilmelidigi nygtalýar. Konwensiýa erkin üstaşyr geçmek, gümrük salgytlary we gaýry ýygymlar, ulaglar, resminamalar, ýükleri wagtlaýyn saklamaga hem-de geçirmäge amatly şertleri, erkin zolaklary, şol sanda gümrük ýeňilliklerini döretmek bilen bagly kadalary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen üstaşyr söwda boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçilikleri artdyrar. Şonuň bilen birlikde-de, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde: «Türkmen tarapy Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýär. Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» diýmek bilen, täze başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistan açyk deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, onuň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi halkara deňiz gatnawyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Hazar deňzi yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýändigi üçin Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen Baltika deňziniň kenar ýakasyna çykmak mümkinçiligine eýe. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykatdan daşda däldigini nygtapdy. Şu nukdaýnazardan Hazar geçelgesi Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda iň gysga, bäsdeşlige ukyply söwda ýoly hasaplanýar.

Her bir döwlet öz geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan hem iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşýän döwlet hökmünde, ýurtda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Umuman aýdylanda, deňizüsti gatnawlary amala aşyrmakda hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň deňiz derwezesiniň mümkinçilikleri örän uludyr.

Maslahatyň esasy maksady — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady, ulag, energetika we ekologik mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň halkara söwda ulgamyna doly gatnaşmagyny üpjün etmekdir. Bu ýurtlar geografik taýdan deňze çykalgasynyň bolmazlygy sebäpli halkara bazarlara çykmakda kynçylyk çekýärler. Şonuň üçin forumda bu meseleleriň çözgütleri, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we halkara guramalarynyň goldawy bilen amala aşyryljak taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar. Forumda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara maslahata 32 döwletiň ýolbaşçylary, 47 kiçi ada döwletleriniň we 49 az ösen ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary, birnäçe halkara we sebit guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylary hem gatnaşar. Giň wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy, onuň geçirilmeginiň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy bu forumyň ähmiýetini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ykdysady we halkara gatnaşyklary ulgamynda giň gerimli ösüşleri üpjün edýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürýär. Bu ýörelgeler 2025-nji ýylda — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty hem ýylyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde bellenilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.

4 — 8-nji awgust aralygynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň onlarça döwletiniň wekillerini kabul eder. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty (LLDC-3) halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açar. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň dünýä bileleşiginiň möhüm meselelerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

Hazaryň ýakasynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki wagtda halkara derejesindäki maslahatlary we forumlary geçirmek üçin doly infrastruktura bilen üpjün edilen türkmen myhmansöýerliginiň merkezidir. Ähli amatlyklar döredilen köp sanly döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, seýilgähler, kongres zallary hem-de ekologiýa taýdan arassa infrastruktura bilen üpjün edilen bu zolagyň Hazaryň kenarynda bolmagy forumyň diňe bir syýasy we ykdysady ähmiýetini däl, eýsem, ekologik strategiýalaryny hem nygtaýar. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynda Awazanyň aýratyn orny bellärliklidir. Onuň maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylmagy hem diňe bir amatlylygyň däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklara açykdygyny, dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, Awaza ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň täze binýady hökmünde çykyş edýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara forumlary dünýäde çäkli geografik mümkinçilikli ýurtlaryň söwda, ulag we infrastruktura ösüşinde ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşylýan giňişlik bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara forumy ilkinji gezek 2003-nji ýylyň 28-29-njy awgustynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi. Bu taryhy maslahatda ýurtlaryň geografik çäklendirmeleriniň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara maslahatda Hereketleriň Almaty maksatnamasy kabul edildi, bu maksatnama halkara hyzmatdaşlygyň esaslaryny düzýän resminama hökmünde taryha girdi. Ikinji gezek bu halkara maslahat 2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirildi. Bu forumda ulag we logistika ulgamyndaky kynçylyklar hem-de bazar gatnaşyklaryna doly gatnaşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hereketleriň Wena maksatnamasy bu maslahatda kabul edildi, ol ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynda möhüm çäreleriň biri boldy. Bu iki maslahat halkara hyzmatdaşlygyň esaslaryny düzdi. Üçünji forum bolsa öňki tejribä esaslanmak bilen, täze mümkinçilikleriň döremegine esas döredýär.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Şeýle ýörelgeler bilen çykyş edýän Türkmenistan dünýä bileleşiginiň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu çäre Türkmenistanyň halkara derejesindäki başlangyçlarynyň üstünlikli dowamydyr. Şeýle hem forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler sebitleýin hyzmatdaşlygyň medeni esaslaryny berkidýär, halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hyzmat edýär. Medeni günleriň çäginde her bir ýurt öz milli medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny we däp-dessurlaryny görkezmek arkaly halkara gatnaşyklara medeni öwüşgin çaýar. Bu çäreler diňe bir medeni alyş-çalyş däl-de, halklaryň arasynda ynanyşmagyň we parahatçylygyň esaslaryny hem berkidýän çärelerdir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty diňe bir halkara forum däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän strategik platformadyr. Türkmenistanda geçirilmegi bilen bu forum diňe bir geografik taýdan däl, eýsem, diplomatik taýdan hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maslahatyň netijesinde, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda ulgamyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täze strategiýalaryň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň öňe sürülmegi mümkin bolup durýar. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanyşyk ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi arkaly bu ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Hereketleriň täze maksatnamasyny kabul etmegi netijesinde, ýurtlaryň ösüş strategiýalarynyň halkara derejesinde utgaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler açylar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ruhuna doly laýyk gelýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginde diňe bir geografik merkez hökmünde däl, eýsem, ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde çykyş edýär. Bu forumy guramak bilen Türkmenistan dünýäniň ösüşi we parahatçylygy ugrunda alyp barýan işlerine işjeň we yzygiderli gatnaşyp, halkara jemgyýetçiliginiň ynamdar hyzmatdaşydygyny ýene-de bir gezek subut edýär. Ählumumy ösüşiň täze tapgyryna ýol açýan bu çäre Türkmenistanyň diplomatik ösüşine, ykdysady mümkinçilikleriniň giňelmegine hem-de medeni hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berer. Bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen giň mümkinçilikleriň, durmuşa geçirilýän oýlanyşykly meýilnamalaryň we öňdengörüjilikli başlangyçlaryň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.