Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Watanymyz bütin Ýer ýüzi we adamzat jemgyýeti üçin ähmiýetli işleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu giň gerimli foruma ýokary derejede taýýarlyk işleri güýçli depginde dowam edýär. 13-nji ¬iýulda Gahryman Arkadagymyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň guramaçylyk döwlet toparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirmegi hem şol taýýarlyk işleriniň has-da ilerlemegini şertlendirdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň çar ýanyndaky ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli, uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary has-da ösdürmäge örän uly ähmiýet berýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem bu ugurda ýene bir möhüm ädim bolar. Her 10 ýyldan bir gezek geçirilip, dünýäniň ýedi yklymyndan ençeme döwletleriň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy düzümleriň wekiliýetlerini jemleýän çäre, sözüň doly manysynda, umumadamzat bähbitli maksatlar üçin hyzmatdaşlygy berkitmäge itergi berýän taryhy ähmiýetli wakadyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilip, bu forumy geçirmegiň ýurdumyza ynanylmagy belent hormatyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda degişli Karara gol çekmegi bilen, bu foruma we ugurdaş çärelere taýýarlyk işleri ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy.8-nji iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bäş gün dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de foruma birnäçe halkara guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň şeýle giň düzümde geçmegi onuň näderejede uly ähmiýetli hem-de jogapkärli çäredigini görkezýär. Forumyň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 esasy ugry öz içine alýar. Şol sanda ýokary derejedäki tematik «tegelek stollaryň» 5-sini, forumlaryň 7-sini geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara maslahatyň çäklerinde Günorta — Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, arabaglanyşyk çäresini, zenan ýolbaşçylaryň forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini, tematik sergileri we beýleki ugurdaş çäreleriň birnäçesini geçirmek maksat edinilýär. Bu çäreleriň her biri foruma gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar. Şu ýerde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň esasy maksadynyň durmuş abadançylygy we ykdysady ösüş üçin hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdygyna üns çekesimiz gelýär. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň berkidilmeginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýan işewürlere möhüm orun degişlidir. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek halkara maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň forumyny geçirmegiň meýilleşdirilmegi hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Çünki dünýä döwletleriniň aglabasynda bolşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda hem hususy pudak ykdysady ösüşiň kuwwatyny artdyrmakda, ilat üçin iş orunlaryny döretmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasynda hususy pudagyň dünýä bazaryna çykmakdaky çäklendirmeler, ulag çykdajylarynyň ýokarylygy we pes derejedäki infrastruktura ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýanlary hem bar. Elbetde, ýurdumyzda telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça amala aşyrylan işleriň netijesinde gazanylan üstünlikler, Diýarymyzyň döwrebap ulag-logistika düzümleriniň nusgasy, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan tejribeler maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleri üçin nusgalyk bolup hyzmat edip biler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ykdysadyýetiň hususy bölegi önümçiligiň ösmegine we eksportyň artmagyna ýardam edip biler. Bu ýurtlar, esasan, oba hojalyk önümlerini öndürmekde, gymmat bahaly gazylyp alynýan tebigy baýlyklary özleşdirmekde, gaýtadan işleýän senagatda uly mümkinçiliklere eýedir. Hususy pudagyň ösdürilmegi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly halk hojalygynyň haýsydyr bir pudaga garaşly bolmagyny peseltmäge kömek edýär. Öndürilýän we dünýä bazaryna çykarylýan ýokary hilli önümleriň önümçiliginiň artmagy, syýahatçylygyň, hyzmatlar ulgamynyň, gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi çig mala ýöriteleşen ykdysadyýetden taýýar önüm öndürýän ulgama geçmäge ýardam edýär. Bu ugurda uly tejribe toplap, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan türkmen senagatçylary we telekeçileri hem halkara forumda öz baý tejribesini paýlaşmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik alar. Ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Ösüp barýan döwletlerde hususy pudak täze iş orunlaryny döretmekde uly orun eýeleýär. Işewürlige maýa goýumlaryň ýokarlanmagy hem-de hususy kompaniýalaryň işiniň giňeldilmegi ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini çözmekde we girdejilerini artdyrmakda möhüm ädimlerdir. Ösen we ösüp barýan ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hususy pudak ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we durmuş gurşawyna innowasiýalary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasy hereketlendirijisi bolup hyzmat edýär. Ýagny hususy kärhanalar önümçilige, hyzmatlar ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrýar. Bu bolsa önümçilik görkezijileriniň we tutuş ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň, netijeliliginiň ýokarlandyrmagyna, önümleriň we hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagyna, işewürligiň kämilleşmegine itergi berýär. Hususy kärhanalaryň arasyndaky bäsdeşlik, öz gezeginde, ilatyň sarp edýän harytlarynyň we hyzmatlaryň bahasynyň has amatly bolmagyna, görnüşleriniň köpelmegine ýardam edýär. Hususy pudak ýurduň durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine, demir we awtomobil ýollarynyň, portlaryň, energetika desgalarynyň gurulmagyna, ozal bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam edýär. Bu bolsa öz gezeginde daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin sarp edilýän ulag çykdajylaryny peseltmäge kömek edýär. Şeýle hem hususyýetçiler halkara banklar we hususy maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Elbetde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hökümetleri hem hususy pudagyň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmegi üçin zerur kanunçylyk binýadyny emele getirmäge, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, döwrebap ulag-logistika düzümlerini döretmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin maliýe goldawyny bermäge, işewürlige başlamak we oňa maýa goýumlary çekmek üçin gerekli resminamalaryň berilmegini ýeňilleşdirmäge, ýokary hilli hünärmenleri, işçi güýjüni taýýarlamak üçin zerur işleri alyp barmaga ýardam bermelidir. Berkarar Watanymyzda hususy pudak üçin döredilen ýeňillikler, oňyn şertler bu ugurda beýleki deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara nusga alarlyk diýip bolar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine mynasyp goşant goşýar. Biz muny halkara sergi-ýarmarkalarda, forumlarda ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen çykyş edip, dünýä bazarynda bäsdeşligi artýan hususyýetçilerimiziň mysalynda aýdyň görýäris. Bu gün «Türkmenistanda öndürilen» diýlen haryt nyşanly önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, olar halkara sergi-ýarmarkalarda abraýly baýraklara mynasyp görülýär. Türkmen telekeçileriniň hatarynda ulag-logistika ulgamynda netijeli işleri ýola goýup, dünýäniň çar tarapynda harytlary daşamakda baý tejribe toplanlarynyň az däldigini bellemek gerek. Bularyň ählisi özleri hakynda edilýän aladalardan, döredilýän şert-mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyny ödemek üçin tutanýerli zähmet çekýändigini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşýandygyny tassyklaýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň geçirilmegi hem şu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribeleri baýlaşdyrmaga kömek eder. Forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hökümetleri üçin hususy pudagy ösdürmek bilen baglanyşykly täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, degişli maslahatlary, teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berer. Şu möhüm ugurdaky oňyn çözgütler forumyň netijeleri boýunça kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar döwri üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna giriziler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýär. Şunuň ýaly asylly hemem belent maksada öz mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, ählimiz agzybirlikde, jebislikde çekýän zähmetimiz, gazanýan üstünliklerimiz arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda berkarar Watanymyzyň abraýynyň dünýä dolmagyna, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asuda hem abadan durmuşyň rowaçlanmagy üçin yhlasymyzy gaýgyrmaly däldiris. Parahatçylyk taglymatyny dünýä ýaýyp, yklymlalary birleşdirýän adyl «Açyk gapylar» hem-de Bitaraplyk syýasatynyň özenini düzen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag,ömürleri uzak,belent başlary aman bolsun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.