Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, hususy ulgamda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan beýik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek ugrunda taýsyz ösüşler gazanylýar. Bu hakykaty hormatly Prezidentimiziň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem doly subut edýär. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
2025-nji ýylyň ilkinji alty aýy Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň täze tapgyry boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilere giň mümkinçilikler döretmek hem-de eksporta ugrukdyrylan önümçilige geçmek babatda möhüm ädimler ädildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan bu üstünlikler özboluşly ähmiýete eýe. Çünki Bitaraplyk — ykdysady diplomatiýanyň binýady. Döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» we ykdysady diwersifikasiýa syýasaty bilen sazlaşykly alnyp barylýan telekeçiligiň ösdürilişi diňe bir hususy ulgamyň güýjüni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara bazarda Türkmenistanyň işewür abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Telekeçileriň işiniň ösüşi üçin howpsuzlygy üpjün edýän döwlet syýasaty, durnukly maliýe ulgamynyň hereketi, ykdysady taýdan ygtybarly bazaryň bolmagy örän möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu möhüm goldawy üstünlikli durmuşa geçirýär we telekeçileriň ykdysady howpsuzlygyny üpjün edýär. Netijede, hemişelik Bitaraplyk syýasaty içerki ösüşiň ähli düzümleriniň, şol sanda telekeçiligiň hem möhüm diregi bolup durýar.
Görşümiz ýaly, häzirki wagtda telekeçilik döwletimiziň strategik ösüş ugry hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňdengörüjilikli syýasat ýöredip, hususy ulgamy ösdürmek üçin giň möçberli maddy we hukuk mümkinçilikleri döredýär. Bu goldawlar ýurdumyzyň tutuş ykdysady gurluşynyň durnuklylygyna gönükdirilendir. Hususyýetçilerimiziň ýylyň-ýylyna artýan ösüşli görkezijileri bu goldawlaryň öz miwelerini berýändigini subut edýär.
Has takygy, telekeçiler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň birinji ýarymynda hem Türkmenistanyň senagat ulgamynyň düýpli bölegine öwrüldi. Olar plastik önümleri, gurluşyk serişdeleri, hojalyk harytlary ýaly önümleri öndürýän ýöriteleşdirilen kärhanalary döretdiler. Netijede, ozal import edilýän harytlaryň köpüsini içerki önüm bilen çalyşmagy başardylar.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň oba hojalygynda hem telekeçilik öňdebaryjy orny eýeledi. Galla, gök önümler, miweler we beýleki ekinler ekilip, olardan bol hasyl alyndy. Telekeçiler häzirki wagtda suwaryş ulgamlary, tohumçylyk, täze ýer tehnologiýalary, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar ýaly oba hojalyk tehnologiýasyny hem ornaşdyrýarlar, ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hem ylmy esasly çäreleri alyp barýarlar.
Telekeçilik diňe önümçilik däl — ol hyzmatlar bilen jemgyýetiň ýaşaýyş hiline täsir edýär. Bu gün ýurdumyzda ençeme söwda merkezleri, dükanlar, jemgyýetçilik iýmiti merkezleri hususy telekeçiler tarapyndan dolandyrylýar.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek häzirki wagtda strategik ugur hökmünde kesgitlendi. Sanly ykdysadyýet hususy ulgamyň çeýeligine we tehnologik ukyplylygyna daýanýar. Şunlukda, ýylyň birinji ýarymynda elektron söwda portallarynyň, sanly töleg ulgamlarynyň, mobil we onlaýn hyzmatlaryň hili has-da kämilleşdirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy diňe çig mal eksportyna däl, eýsem, gaýtadan işlenen, taýýar harytlaryň daşary bazarlara çykarylmagyna hem gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda telekeçileriň orny ýylsaýyn artýar. 2025-nji ýylyň başyndan bäri onlarça hususy kärhana dürli ugurlar boýunça eksport işini ýola goýdy. Döwlet tarapyndan telekeçilere daşary ýurt halkara sergilerine gatnaşmak, eksport üçin logistika mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly şertlerdir ýeňillikler döredildi.
Jemläp aýdanyňda, bu gün türkmen telekeçileri ykdysady ösüşiň özboluşly keşbine öwrüldi. Olar öndürýär, döredýär, gurýar, ösdürýär. Täze açylan her kärhana, döredilen her hyzmat, eksport edilen her önüm — bu halkymyzyň yhlasynyň we gaýratynyň miwesidir. Bularyň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda işewürligiň Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagyň, halkymyza hyzmat etmegiň beýik ýoluna öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.