Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWAZA FORUMY — NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇIŞLIGI

Hemişelik Bitarap Türkmenistan jogapkärli umumadamzat ähmiýetli meseleleri döredijilikli meýdançada ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmek, munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleridir mümkinçilikleri döretmek babatda zerur çäreleriň görülmegi ugrunda işjeň çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyna bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, amala aşyrýan taslamalar Durnukly ösüş maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň kämil nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Iri halkara forumlarydyr maslahatlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler öz harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin kenarýaka döwletlerine garanyňda has köp harajat we wagt sarp etmäge mejbur bolýar. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldýär, olaryň ykdysadyýetine maýa goýumlaryň çekilmegini kynlaşdyrýar, hatda käbir döwletler azyk howpsuzlygy bilen bagly kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Şoňa görä-de, BMG halkara jemgyýetçiligine deňizden çetde ýerleşýän döwletleriň zerurlyklaryny göz öňünde tutmaga, olaryň üstaşyr geçiriji döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, maýa goýumlary ýokarlandyrmaga, ulag infrastrukturasyny ösdürmäge, gümrük gulluklarynyň netijeliligini artdyrmaga we häzirki zaman tehnologiýalara elýeterliligini giňeltmäge çagyrýar. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak ugrunda täze başlangyçlary öňe sürýär we bu ugurda möhüm taslamalary durmuşa geçirýär.

Ulag düzümlerini yzygiderli kämilleşdirýän hem-de geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm logistik halka öwrülýär. Hut Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyny ösdürmek bilen bagly Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olarda öňe sürülýän başlangyçlar we teklipler bilelikdäki tagallalary dogry ugra gönükdirmekde hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolupdy. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edilip, bu iri forumy şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirmek kesgitlenildi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk bilen geçiriljek Awaza forumyna hem-de onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çärelere deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän we möhüm ugra gyzyklanma bildirýän köp sanly ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 

4-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekmegi hem forumyň ýokary derejede geçirilmegine itergi berer. Gojaman Hazaryň kenarynda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler ýurdumyzyň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna ýardam eder.

Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Sultan ATAKIŞIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.