Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ŞUGLASY

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ug­run­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şol öz­gert­me­le­riň äh­li­si yl­myň ga­za­nan­la­ry­na, dün­ýä tej­ri­be­si­ne esas­la­ny­lyp al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ýag­daý ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de pa­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýan hu­su­sy pu­dak ba­bat­da-da üýt­gew­siz­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 27-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­me­gi hem has kä­mil hü­när­men­le­riň, öz işi­ne us­sat te­le­ke­çi­le­riň, se­na­gat­çy­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge ýar­dam eder.

Türk­men hal­ky äh­li dö­wür­ler­de ylym-bi­li­me uly hor­mat go­ýup­dyr. Hal­ky­myz­da ylym-bi­lim iň gym­mat­ly baý­ly­ga, tü­ke­nik­siz ha­zy­na de­ňe­lip­dir. Biz mu­ny hal­ky­my­zyň dö­re­den ro­wa­ýat­la­ryn­da-da, ta­ry­hy çeş­me­ler­dä­ki mag­lu­mat­lar­da-da aý­dyň gör­ýä­ris. Geç­miş­de türk­men top­ra­gyn­da dö­rän kuw­wat­ly döw­let­ler­de öz döw­rü­niň iň kä­mil we iň iri ylym-bi­lim ojak­la­ry, med­re­se­ler­dir ki­tap­ha­na­lar gur­lup, olar­da edi­len açyş­la­ryň adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şan­dy­gy hem bu ha­ky­ka­tyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem ylym-bi­lim jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň esa­sy şer­ti­ne de­ňel­ýär. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­ziň şu gün­ki hem-de gel­jek­ki ösüş­le­ri­mi­ziň esa­sy­ny düz­ýän gym­mat­ly­gy­myz­dyr» di­ýip bel­le­ýär.

Ylym-bi­li­miň ga­za­nan­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na, önüm­çi­li­ge üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ma­gy döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ös­me­gi­ne, tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­riň us­sat­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, bi­lim-ba­şar­nyk­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi, ra­ýat­la­ryň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň gi­ňe­me­gi döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Is­len­dik iş­de bol­şy ýa­ly, se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler hem ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin, il­kin­ji no­bat­da, ylym-bi­li­miň ga­za­nan­la­ry­na, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýar­lar.

Hä­zir­ki wag­ta çen­li ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­le­ri we işe­wür­le­ri taý­ýar­la­mak işi işe­wür­lik mek­dep­le­ri­niň de­re­je­sin­de ama­la aşy­ry­lan bol­sa, Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­ti­niň dö­re­dil­me­gi bu ugur­da uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam eder. Şo­nuň üçi­nem, tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň bin­ýa­dy­nyň tu­tul­ma­gy bi­len, türk­men te­le­ke­çi­li­gi­niň ösü­şin­de tä­ze sa­hy­pa­nyň açy­lan­dy­gy­ny ynam­ly aýt­mak bo­lar.

Tä­ze bi­lim oja­gy­nyň bi­na­lar top­lu­my­nyň ýer­li gur­lu­şyk­çy­la­ry­myz, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan «Nur bi­na gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan bi­na edil­me­gi buý­san­dy­ry­jy ha­ky­kat­dyr. Ýaş­la­ryň bi­lim al­ma­gy­na ni­ýet­le­nen bi­na­lar top­lu­my­nyň dü­zü­min­de ki­tap­ha­na, mej­lis­ler ja­ýy, sport meý­dan­ça­la­ry ýa­ly des­ga­lar bar. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, ýaş­la­ryň bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ke­ma­la gel­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­tin­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­jak­dy­gy, dün­ýä yl­my­nyň we işe­wür­li­gi­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny öw­ren­mek üçin da­şa­ry ýurt­ly alym­la­ryň, bi­ler­men­le­riň, pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryň baý tej­ri­be­sin­den peý­da­la­nyl­jak­dy­gy hem aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ber­ýän gol­da­wy­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­lek­eçi­lik yzy­gi­der­li ös­ýär. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri her ýyl oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ýar­lar, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek ul­ga­myn­da we beý­le­ki ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Döw­le­ti­miz te­le­ke­çi­le­re ma­li­ýe we hu­kuk gol­daw­la­ry­ny ber­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, te­le­ke­çi­li­giň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­ne, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­na hem-de ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, Türk­me­nis­ta­nyň ki­çi we or­ta işe­wür­li­gi­niň hal­ka­ra ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň ber­ke­me­gi­ne go­şan­dy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy üçin şert­ler dö­re­dil­ýär.

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.