Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM GURALY

Mälim bolşy ýaly, innowasiýalar ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, milli ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda, has takygy, 28-nji iýunda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynda ozal hereket edýän 4G+ tehnologiýasynyň ornuna 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata bermegi diýseň guwandyryjy çözgüt boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda hususy pudakda zähmeti guramagyň usullaryny has-da kämilleşdirmäge, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmaga, iş şertlerini gowulandyrmaga, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, inno­wa­si­ýa­lar gün­de­lik dur­mu­şy­my­za giň­den or­naş­ýar. Mag­lu­mat­lar eý­ýa­myn­da san­ly ul­ga­myň diý­seň çalt ösü­şi­ni göz öňün­de tu­tup, ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugurla­ry­ny san­ly­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­nuň üçin, el­bet­de, il­kin­ji no­bat­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýo­ka­ry müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak ze­rur. Şu jä­het­den, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ara­gat­na­şyk we in­ter­net ul­ga­my­nyň kämilleşdirilmegi — 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ta­ry­hy wa­ka­dyr. Se­bä­bi ýo­ka­ry tiz­lik­li bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň tiz­lik de­re­je­si öň­kä ga­ra­nyň­da 20 es­se ýo­ka­ry­dyr. Bu bol­sa se­bitde de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk tä­ze şä­her­dä­ki eda­ra-kär­ha­na­la­ryň işi­ni tiz we oňaý­ly do­lan­dyr­maga, san­ly hyz­mat­lar­dan çalt peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Hu­su­san-da, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly: «Bu teh­no­lo­giýa on­laýn mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek­de, eme­li aň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­la goý­mak­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da be­je­riş iş­le­ri ge­çi­ril­ýän pur­sat­lar­da mag­lu­mat alyş­mak wag­ty­ny tizleş­dir­mek­de äh­mi­ýet­li­dir». Umu­my­laş­dy­ryp aý­da­nyň­da, san­ly ul­gam san­syz müm­kin­çi­likle­re eýe bo­lup, ol dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm gura­ly ha­sap­lan­ýar. Mu­ňa kä­mil in­no­wa­si­ýa­la­ryň hu­su­sy işe­wür­li­gi iler­let­mek­de tut­ýan or­nu­nyň my­sa­lyn­da aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy hemde hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­myz­da on­laýn söw­da­ny ös­dür­mä­ge, ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gyny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da Türk­me­nis­tanyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň işi­niň bar­ha kä­mil­leş­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek.

Olar «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyllar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sepsi­ýa­sy­na» hem-de «Türk­me­nis­tan­da san­ly ykdy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, müş­de­ri­ler üçin tä­ze-tä­ze on­laýn söw­da dükan­la­ry­ny, ýö­ri­te plat­for­ma­la­ry hö­dür­le­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, elekt­ron söw­da, el­tip ber­mek ýa­ly döw­re­bap hyz­mat gör­nüş­le­ri tä­ze de­re­jä çyk­ýar. Çün­ki on­laýn söw­da dü­kan­la­ry üçin dö­re­dil­ýän plat­for­ma­lar­da dür­li gör­nüş­li önüm­ler, bi­rin­ji­den, azyk önüm­le­ri, ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry ýa­ly bö­lüm­le­re bö­lü­nip ýer­leş­di­ril­se, ikin­ji­den, ge­rek­len­ýän önü­me de­giş­li mag­lumat­la­ryň we ola­ryň su­rat­la­ry­nyň go­ýul­ma­gy saý­la­ma müm­kin­çi­li­gi­ni is­le­gi­ňe gö­rä örän gys­ga wagt­da ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, san­ly ul­gam te­le­ke­çi­lere, söw­da kär­ha­na­la­ry­na sarp edi­ji­ler ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga we ony öw­ren­mä­ge, söw­da­ny gu­ra­mak işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mäge, dür­li önüm­le­re bo­lan is­leg­le­ri sel­jer­mä­ge, müş­de­ri­ler üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny ga­zan­maga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar hu­su­sy önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň işi­ni tä­ze­çe gu­ra­ma­ga hem esas ber­ýär. Da­şa­ry döw­let­le­riň in­no­wa­si­ýala­ra da­ýan­ýan, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jamla­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy, kä­mil prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­niň he­re­ke­te gi­ri­zil­me­gi, mag­lumat-in­for­ma­sion se­riş­de­le­riň ýer­lik­li ula­nylma­gy ne­ti­je­sin­de, ýy­la­dyş­ha­na, mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň, azyk, se­na­gat, ho­ja­lyk we beýle­ki dür­li ugur­ly önüm­ler­dir ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň işi döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi tä­ze-tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni, iş­gär­le­riň iş ne­ti­je­li­li­gi­niň art­ma­gy­ny, önümçi­lik­de ula­nyl­ýan usul­la­ryň kä­mil­leş­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Diý­mek, san­ly ul­ga­myň müm­kinçi­lik­le­ri­niň iş­jeň peý­da­la­nyl­ma­gy kär­ha­na­la­ry in­no­wa­sion usul­da ös­dür­mä­ge giň ýol aç­ýar. Şol bir wagt­da da­şa­ry ýurt­la­ryň işe­wür­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga, hyz­mat­lar ba­za­ry­ny gi­ňelt­mä­ge, ola­ry hil taý­dan kä­mil­leş­dir­mä­ge şert dö­red­ýär.

Şu ýer­de ýur­du­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýaly pu­dak­la­ry, hu­su­san-da, elekt­ron se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­len­di­gi­ni nyg­tama­ly­dy­rys. Şo­ňa gö­rä-de, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan, se­riş­de we ener­gi­ýa tyg­şyt­la­ýan, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa elekt­ron we elekt­ro­teh­ni­ki se­na­ga­ty ýo­la goý­mak­da mö­hüm ädim­ler ädil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gaý­ta­dan iş­le­ýän we ba­zar üçin ahyr­ky önüm­le­ri ön­dür­ýän önümçi­lik pu­dak­la­ry ke­ma­la gel­di. Hä­zir­ki wagt­da türk­men hü­när­men­le­ri, şol san­da hu­su­sy işe­wür­ler ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan tä­ze san­ly önüm­le­riň iş ýü­zün­de giň­den ulanyl­ýan­dy­gy, ola­ryň hi­li we amat­ly­ly­gy bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­la­ryň san­ly önüm­le­rin­den bir­jik-de pes dur­ma­ýan­dy­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da mö­hüm çä­re­ler­dir.

Gör­nü­şi ýa­ly, bu gün­ki gün­de di­wer­si­fika­si­ýa­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga, ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da uly isleg­den peý­da­lan­ýan bäs­deş­li­ge ukyp­ly taý­ýar önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­mä­ge, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge, hu­su­sy ul­ga­my hö­wes­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len türk­men yk­dysa­dy­ýe­ti­niň dü­zü­mi oňyn ösü­şe eýe bol­ýar. Şu jä­het­den, dün­ýä­de ok­gun­ly ös­ýän hem-de iş bi­len meş­gul­lan­ma­gyň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ry iş bi­len üp­jün et­me­giň giň­den ýaý­ran ul­gam­la­rynyň bi­ri hök­mün­de ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sady­ýe­te ge­çil­me­gi­ni dur­nuk­ly ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ni çöz­me­giň aça­ry ha­sap­lap bi­le­ris. 

Umu­man, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz te­bigy baý­lyk­la­ryň uly gor­la­ry­na we yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­mak bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň nus­ga­lyk baş­lan­gyç­lary­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tutan­ly­gyn­da in­no­wa­sion ösüş ýo­lun­da ynam­ly öňe bar­ýar. 

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.