Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy buýsandyrýar we guwandyrýar. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, gazanylan ösüşler bu hakykaty tassyklaýar.
Häzirki döwürde bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşligi höweslendirmek we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň çäklerinde degişli kanunçylyk-hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar, halkara tejribesiniň öňdebaryjy gazananlary ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi içerki önümiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 9,7 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi salgyt-býujet, pul-karz we maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygynyň netijesinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan hem ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň halkara maliýe giňişligindäki abraýyny artdyrýar.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň hatarynda senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek ýaly ugurlara uly ähmiýet berlip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilikleriň hem-de ýokary hünärli işgärleriň täze neslini taýýarlap ýetişdirmek üçin tagalla edilýär.
Öňdebaryjy halkara tejribeleriň öwrenilmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu ugurda oňyn netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Bazar ykdysadyýetinde telekeçiligi ösdürmek möhüm şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususy işewürlige uly orun berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk, guşçulyk, azyk we senagat önümleriniň önümçiligi, gurluşyk ýaly ugurlarda ýokary netijeler gazanylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmekde daşary ýurtly ugurdaş düzümler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Muňa ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergilerdir ykdysady forumlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli meýdança öwrüldi. Halkara işewürlik çäresinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň wekilleriniň önümleriniň hem uly gyzyklanma eýe bolandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda döwrebap özgertmeleriň geçirilmegi hem-de bazar gatnaşyklaryna esaslanylmagy ýurdumyzyň ýokary derejede ykdysady ösüş gazanmagyna ýardam edýär.
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.