Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan ata Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrmaga meýilli halkara guramalaryň we döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Döwletimiz bu babatda hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesine esaslanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän islendik teklipdir başlangyçlarynyň, alyp barýan syýasy işiniň gözbaşynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri dur. Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göterip, arzylap gelen halkdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk we durnukly ösüş ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendir. Bu biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy daýanjy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde, Türkmenistan Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Häzirki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çylşyrymly dünýäniň şertlerindäki geljekki ösüşleri bilen bagly köptaraplaýyn maksatnamalarynyň işlenilip düzülmegi düýpli häsiýetli çemeleşmeleri talap edýär. Bu gün türkmen halky ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw edip gelen, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlarynyň düýp esasynda halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, açyklyk ýaly asyrlar boýy türkmen halkynyň ganyna siňen ýörelgeleri ýatyr. Dost-doganlyga, özara ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň barha netijeli häsiýete eýe bolýandygy guwandyryjydyr. 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama «goşulyşýan döwlet» (işjeň synçy) derejesine eýe bolmagy, 15-nji martda bolsa ýurdumyzyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň özboluşly ykrarnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, özara düşünişmekligi goldaýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Halkara derejesinde ykrar edilen we wagt taýdan çäklendirilmedik häsiýeti bilen düýpli tapawutlanýan türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän daşary syýasat ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Goşa bagtymyz ― mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz başymyzyň täjidir. Bu goşa bagtyň saýasynda döwletli Diýarymyza diňe belent ösüşler ýar bolsun!
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.