Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GADYMY WE MÜDIMI SUNGAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy, taýsyz tagallasy bilen her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uludan bellenip geçilýär. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň içinde haly aýratyn orun eýeleýär. Türkmeniň öýüni – ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen gelin-gyzlarynyň halyçylyk sungaty türkmeniň kalbynda-da,  gündelik durmuşynda-da giň  orun tutýar. Özboluşly milli mirasy, däp-dessurlary, edim-gylymlary bolan türkmen halky zenanlarymyzyň hünärli elleriniň gudraty bilen döreýän halyny türkmen tebigatyna çalymdaş görýär. Türkmen halylary dünýädäki we jemgyýetdäki bar bolan giň  dünýägaraýşyňy öz gözelligine siňdiren, tebigaty göz öňünde janlandyran sungatdyr.

         Türkmen halylaryndaky nepis gölleriň owadan hem özüne çekiji gözellikleri tebigatymyzyň gözelligini, gyz-gelinlerimiziň içki dünýäsini açyp görkezýär. Şonuň üçin hem gyz-gelinlerimiz ähli gözellikleri tebigat bilen baglanyşdyryp hala, keşdä, el işlerine siňdiripdirler. Bu nagyşlaryň, çitimleriň her birinde türkmeniň taryhy, edim-gylymlary, däp-dessurlary ussatlyk bilen beýan edilýär. 

         Halyny dokamakda reňkleri, goýun ýüňüni, ýüpek ýüpleri saýlamaga-da uly üns berilipdir. Tebigy solmaýan uzak wagtlap öz durkuny saklaýan reňklerden peýdalanylypdyr. Meselem saryja goýunlarynyň ýazky ýüňi aýazdan goraýanlygy, berk we çeýeligi bilen tapawutlanýar. Ýazky gyrkymda ýüň süýümi ýumşak, berk we has uzyn bolýar. Şeýle ýüplükden dokalan halynyň çitimi asla bulaşmaýar. Saryja goýnuň ýazky gyrkym ýüňüni almak üçin çopanlar goýunlary suwly ýapdan geçirip, soňra gyrkypdyrlar. Öňler halyçylar ýüňi egirmezden öň hem boýap görer ekenler. Boýalan ýüň yz galdyrmasa onda boýagyň ýerine düşdigi hasaplapdyrlar.  

         Türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň dokan gadymdan gelýän ärsary, teke, ýomut, çowdur, gökleň halylary köp duş gelýär. Halyçylar diňe haly dokamak bilen çäklenmän, eýsem olar ýantorba, gapylyk, horjun hem-de öýüň käbir ownuk zatlaryny ýerleşdirmek üçin çuwal, öýüň bezegi bolan asmalyk ýaly haly önümlerini hem dokapdyrlar. Türkmen gelin gyzlarynyň zehini, zähmetsöýerligi, oýlap tapyjylygy we ýadawsyz zähmetiniň netijesinde biziň şu günlerimize gelip ýeten nepisden owadan dokalan halylarymyz mundan beýläk hem nesilden-nesile geçip dowam etmek bilen çäklenmän, eýsem bu sungat barha kämilleşýär. Çünki Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň gözel Diýarymyzda halyçylygy ösdürmek we kämilleşdirmek işine uly üns berilýär. 

         Halynyň owadan gölleri gyralaryndaky nagyşy bilen sazlaşyp ajaýyp, dünýädäki hiç bir deňi-taýy bolmadyk «türkmen halysy» emele gelýär. Orta asyrlarda ata-babalarymyzyň haly dokamagyň örän çylşyrymlydygy we zehin talap edýänligi üçin olar haly dokamak sungaty barada «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýmegi bilen, hakykatdan hem gelin gyzlarymyzyň çekýän asylly zähmetlerine ýokary baha beripdirler. Haly dokamakda ene-mamalarymyz diňe güýç gaýrat we wagt sarp etmän halyny sungat derejesine ýetirmekde hem uly işler edipdirler.

         Bu baradaky çuňňur pelsepe Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine  tarap» atly kitabynda şeýle sözleriň üsti bilen juda jaýdar bellenilipdir: «Türkmen halysy halkymyzyň  ajaýyp  arzuwlarynyň mähir  muhabbetiniň aýnasydyr. Ol ata babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňkleriň dili bilen ýazan ýürek ýazgysydyr. Ajaýyp halylarymyz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý –mertebesidir, dünýä ýaýylan şöhrat şanydyr. Türkmen  halysy biziň ata Watanymyza wepalydygymyzyň mukaddeslik aýdymydyr» diýip  belläp geçýär. 

         Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanýar. Ol türkmen halylary hakynda «Dünýäde iň inçe we owadan» halylar Türkmen halylarydygyny belläp geçýär we gymmatly ýazgylary galdyrýar. 2003-nji ýylda dünýäde iň uly we elde dokalan haly hökmünde «Altyn asyr» atly äpet türkmen halysynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, 2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halysynyň dünýä ýüzünde abraýyny barha galdyrýar. 

Zenanlarymyzyň hünärli elleriniň gudraty bilen döreýän dürli görnüşli halylary dürli reňkleriň sazlaşygynda ýüňden we ýüpekden dokapdyrlar. Bu dokalan nepis halylar  türkmen milliliginiň ähli işlerine eriş-argaç aralaşyp, özboluşly ajaýyplygy bilen göreni haýrana goýýar. Haly-kilime salynýan nagyşlaryň alaja nusgasy aýratyn gelşik berýär. Halk arasynda alajanyň ruhy güýjüniň bardygyna ynanç döräpdir. Gözelligine, ünsi çekiji bolansoň, halkymyz ony gözden-dilden goraýjy hökmünde-de ulanypdyr. 

Haly bilen baglanyşykly däp-dessurlarymyz barada aýdyp geçsek täze gelen gelniň haly düşelen hormatly ýerde oturdylmagy, haly ýapylan düýäniň üstünde kejebäniň oňarylmagy, Türkmen toýlarynyň gelşigi bolan, türkmen göreşinde, at çapyşyklarynda ýeňijilere haly baýragynyň gowşurylmagy, türkmen durmuşynyň, türkmen halysy bilen aýrylmaz baglanyşygyny görkezýär. 

Reňkini ýaşyl ýazlardan alan, asuda asmanda erkin parlaýan mukaddes tugumyz bolan, Döwlet Baýdagymyzdan, tugramyzdan orun alan haly gölleri milliligimizi, ýurdumyzyň bäş welaýatyny, bäş welaýatynyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda kökleri asyrlaryň jümmüşine siňip giden milli mirasymyzy täze röwüşde ösdürmäge ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Bu täsin el hünäri nesilden nesle geçip gelýär. Häzirki wagtda diňe maşgalada däl, eýsem, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, ýetginjekler döredijilik öýlerinde hem bu çeper el hünäriniň inçe tilsimleri öwredilýär. 

Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklaryny älem içre wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Leýla REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.